RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
23 Apr

Bütindünýä ýadygärlikler mirasyny goramak güni

1983-nji ýylda ajaýyp ýerleri we ýadygärlikleri goramak meselesi boýunça (ИКОМОС) Halkara Assambleýa tarapyndan kabul edilen kararyň netijesinde 18-nji aprel taryhy ýerleri we ýadygärlikleri goramagyň Halkara güni diýlip yglan edildi. Indi şondan bäri bu sene ÝUNESKO-nyň senenamasynda baýramçylyk günleriniň hatarynda möhüm ýeri eýeläp gelýär. Bu guramanyň halkara meýdançasynda esasy wezipeleriniň geljekki nesiller üçin medeni ýadygärlikleri hem tebigy ýerleri gorap saklamakdyr. Türkmenistanda...

DOWAMY
pic
23 Apr

TÜRKMENISTAN WE BEÝIK BRITANIÝA:ÖNJEÝLI HYZMATDAŞLYGYŇ 30 ÝYLY

2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistan bilen Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilýän çäreleriň çäklerinde, paýtagtymyzyň “Aşgabat” kinoteatrynda meşhur britan tebigatçysy ser Dewid Attenboronyň “Biziň planetamyzdaky ýaşaýyş” atly dokumental filminiň görkezilişi boldy. Çärede Beýik Britaniýanyň Ilçisi hanym Lýusiýa Uaýld söz sözläp, howanyň üýtgemegi, daşky gurşawyň aýawly...

DOWAMY
pic
22 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝAPONIÝANYŇ ILÇISINI KABUL ETDI

Şu gün, 22-nji aprelde, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýaponiýanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Hiroýuki Ýamamoto bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň başynda diplomatlar Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň Döwlet Baştutanlarynyň, şeýle-de iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli ýollan Gutlag hatlaryny alyşdylar. Ministr şeýle-de, 2022-nji ýylyň 23-nji aprelinde geçir...

DOWAMY
pic
22 Apr

“Milli ulgam” sanly ulgamyň mümkinçiliklerini öz içine alýan dürli çözgütleri hödürleýär

“Milli ulgam” hojalyk jemgyýeti 2020-nji ýyldan bäri sanly ulgamyň mümkinçiliklerini öz içine alýan “akylly” şäher çözgüdini alyp barýar. Bu ýerde 30-a golaý IT hünärmenler zähmet çekýär. “Milli ulgam” özüniň alyp barýan işleriniň çäginde “akylly” ulgamlary gurnamak üçin telekom infrastruktura çözgütlerini hödürleýär. Bu barada Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň metbugat gullugy habar berýär. “Milli ulgamyň” taslamalarynyň ýene biri “akylly” öý taslamasy bolup, ol yşykla...

DOWAMY
pic
22 Apr

“MERKEZI AZIÝA – RUSSIÝA” FORMATDA DAŞARY SYÝASAT EDARALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ BÄŞINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 22-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Merkezi Aziýa – Russiýa” formatda Daşary işler ministrleriniň bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlise Gazagystan Respublikasynyň Daşary işler ministri Muhtar Tleuberdi, Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň Ruslan Kazakbaýew, Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow, Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Sardor Umurzakow we R...

DOWAMY
pic
22 Apr

MEDENI HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-ITALÝAN IŞ TOPARYNYŇ ILKINJI MEJLISI GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 21-nji aprelinde Medeni hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Italýan Iş toparynyň ilkinji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Gepleşikler Türkmenistanyň Italiýadaky Ilçihanasynyň ýardam bermeginde gurnaldy. Türkmenistanyň Medeniýet ministriniň orunbasarynyň baştutanlygyndaky Iş toparynyň Türkmen tarapynyň wekiliýetine durmuş-medeni pudagynyň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdy. Mejlisiň barşynda Italiýanyň Medeni miras, medeni gatnaşyklar we syýahatçylyk ministrli...

DOWAMY
pic
21 Apr

TDHÇMB SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 167-SI HASABA ALYNDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 167-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Beýik Britaniýanyň, Singapuryň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, suwuklandyrylan gazy, gidroarassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar. Türkiýäniň hem-de Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmengaz” döwlet konserni...

DOWAMY