RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Apr

GDA-NYŇ 30 ÝYLLYK HYZMATDAŞLYGY RESMINAMALARDA WE FOTOSURATLARDA

Türkmen ekspozisiýasy Russiýa federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Russiýanyň Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň agza-ýurtlary bilen diplomatik gatnaşyklarynyň 30 ýyllygyna bagyşlap gurnan fotosuratlaryň we resminamalaryň sergisiniň aýrylmaz bölegi boldy. Serginiň dabaraly açylyşy RF-nyň DIM-niň Uly binasynda GDA ýurtlarynyň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň, Russiýanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçylarynyň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi. Rus...

DOWAMY
pic
16 Apr

ÝÜPEK GURÇUGYNY IDETMEK IŞLERI GYZGALAŇLY DOWAM EDÝÄR

Lebap welaýatynyň ýüpekçileri şu möwsümde ykdysadyýetimiz üçin gymmatly çig mal bolan piläniň 1010 tonnasyny öndürmekligi maksat edinýärler. Bu bolsa ýurdumyzda jemi öndürilýän 2300 tonna piläniň 50 göterimine golaý. Welaýatyň Halaç etrabynyň ýüpekçileriniň 200 tonna, Çärjew etrabynyň ýüpekçileriniň 173 tonna, Dänew hem-de Saýat etraplarynyň ýüpekçileriniň hem degişlilikde 140 we 132 tonna pile tabşyrmaklyga borçlanmaklary aýratyn bellärliklidir. Gündogar sebitiň çägindäki etraplaryň ählisinde b...

DOWAMY
pic
16 Apr

ADAM HUKUKLARY WE HALKARA YNSANPERWER HUKUGYNYŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYNYŇ DUŞUŞYGY

2022-nji ýylyň 16-njy aprelinde Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşygy açyp, Pudagara toparynyň başlygy, Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň berjaý edilmeginiň üpjünçiligi babatynda Türkmenistan Hökümeti tarapyndan amala aşyry...

DOWAMY
pic
15 Apr

AHAL WELAÝATYNYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNYŇ DÜZÜMLERINIŇ ÜSTÜNI ÝETIREN TÄZE DERMANHANA

Ahal welaýatynyň Tejen şäherinde ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň durmuş-ykdysady taýdan ösüşini nazarlaýan özgertmeler maksatnamasyny, ilkinji nobatda, «Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasyny» amala aşyrmagyň çäklerinde bina edilen täze dermanhana açyldy. Hut şu uzak möhletleýin strategik maksatnama ösüşiň «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy» diýlip atlandyrylan täze tapgyrynda ýurdumyzyň durmuş ugurly syýasatyny kesgitleýär...

DOWAMY
pic
15 Apr

“MERKEZI AZIÝA – ÝAPONIÝA” FORMATYNDA DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ SEKIZINJI MASLAHATY GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 15-nji aprelinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly “Merkezi Aziýa – Ýaponiýa” formatda Daşary işler ministrleriniň sekizinji maslahaty geçirildi. Duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew gatnaşdy. Duşuşygyň dowamynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwletleriniň we Ýaponiýanyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlygyň işjeň meselelerini ara alyp masahatlaşdylar. Mejlise gatnaşyjylar halkara gün t...

DOWAMY
pic
15 Apr

HOWDANYŇ GURLUŞYGY DOWAM ETDIRILÝÄR

Lebap welaýatynyň Kerki etrabynyň çäginde ýerleşýän, Amyderýanyň gyrmançaly mele suwuny durlamak, Garagum derýasyndan suwy bökdençsiz akdyrmak üçin bol suw goruny döretmek we Garagum derýasynyň üsti bilen ýurdumyzyň Mary, Ahal we Balkan welaýatlarynynyň ekerançylyk meýdanlaryny suwarmak maksady bilen ýurdumyzyň günorta – gündogarynda, öňki Zeýit, 2006-njy ýyldan bäri bolsa, «Garaşsyzlygyň 15 ýyllygy» suw howdany hereket edýär. 2015-nji ýylda gurluşygynyň 1-nji tapgyry tamamlanyp, 2,2 milliard ku...

DOWAMY
pic
14 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE MHG-NYŇ SEBITLEÝIN UTGAŞDYRYJYSY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

Şu gün, 14-nji aprelde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň (MHG) Merkezi Aziýa boýunça sebitleýin utgaşdyryjysy, guramanyň Gazagystandaky, Gyrgyzystandaky, Türkmenistandaky we Özbegistandaky wekilhanalarynyň ýolbaşçysy Zeýnal Gajiýew bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Nobatdaky duşuşygyň barşynda taraplar «Türkmenistanyň Hökümetiniň Migrasiýa boýunça halkara guramasynyň Türkmenistandaky Wekilhanasy bilen bilelikde 20...

DOWAMY