SOŇKY HABARLAR
TEHNIKI UGLEROD ÖNDÜRÝÄN ZAWOD ULANMAGA BERILDI
13-nji aprelde Mary etrabynda täze önümçilik desgasy — ýyllyk kuwwatlylygy 3 müň tonna tehniki uglerod öndürmäge niýetlenen zawod açylyp ulanmaga berildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň öňde goýan giň gerimli wezipelerine laýyklykda, Türkmenistan täze taryhy eýýamda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmakdan ugur alyp, täzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan, diwersifikasiýalaşdyrylan senagat toplumyny döretmegi maksat edinýär. Bu bolsa pudaklaryň düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmagy...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÝAPONIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2022-nji ýylyň 13-nji aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Ýaponiýanyň Premýer-ministri Fumio Kisidanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşligiň başynda Ýaponiýanyň Hökümetiniň Başlygy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy saýlawlarda gazanan ynamly ýeňşi bilen tüýs ýürekden gutlap, iň ýokary döwlet wezipesinde uly üstünlikleri arzuw etdi. Premýer-ministr Fumio Kisida köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagynyň dowam etdiril...
AŞGABATDA SENAGATÇYLAR WE TELEKEÇILER BIRLEŞMESINIŇ SERGISI HEM-DE MASLAHATY GEÇIRILÝÄR
2022-nji ýylyň 12-nji aprelinde Aşgabatda iri guramanyň — Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 14 ýyllygyna bagyşlanan serginiň we maslahatyň açylyş dabarasy boldy. Häzirki wagtda bu birleşme ýurdumyzyň hususy işewürliginiň wekilleriniň 27 müňden gowragyny özünde jemleýär. Serginiň açylyş dabarasyna gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gutlagyny ruhubelentlik bilen diňlediler. Olaryň hatarynda Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň we Mejl...
DAŞARY ÝURT IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERI AWTOBENZINI, SUWUKLANDYRYLAN GAZY WE TEKSTIL ÖNÜMLERINI SATYN ALDYLAR
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Seýdiniňnebiti gaýtadan işleýän zawodynda hem-de «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçilerini...
TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL
2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty we Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirdi. Dabaraly çäräniň işine Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň (onlaýn formatda) we Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň...
MÄNE BABA ÇEPER-PUBLISISTIK FILMI DÜŞÜRILÝÄR
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilim» birleşiginde «Mäne Baba» atly dowamlylygy gysga 30 minutlyk çeper-publisistik filmi düşürilýär. Bu filimde Gündogaryň beýik akyldary, «Söz äleminiň Soltany» diýen ada eýe bolan Abu Seýit Abul Haýyr – Mäne Babanyň ömür menzilleri we döredijilik dünýäsi barada giňden gürrüň berilýär. Film Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet ko...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNYŇ BILELIKDÄKI BAŞLYKLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 9-njy aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler ikiçäk we giňeldilen düzümde geçirildi. Giňeldilen düzümde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna degişli birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de w...