SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI BILEN TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Koreýa Respublikasynyň Daşary işler ministri Pak Jin bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşlikde ministrler ikitaraplaýyn gün tertibinde ileri tutulýan meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle hem iki döwletiň ýokary derejeli wekiliýetleriniň gatnaşmagynda geçiriljek duşuşyklar barada pikir alyşdylar. Taraplar şu ýylyň oktýabr aýynda Busan şäherinde geçirilen «Merkezi Aziýa - Koreýa Respub...
AŞGABATDA TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝET GÜNLERI BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 23-nji noýabrynda türkmen paýtagtynda Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy boldy. Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Täjigistanyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy geçirildi. Bu ýere agşamara iki ýurduň medeniýet ulgamynyň ýolbaşçylary, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, döredijilik işgärleri, paýtagtymyzyň ýaşlary ýygnandylar. Iki döwletiň m...
NEŞE SERIŞDELERINIŇ BIKANUN DOLANYŞYGYNA GARŞY GÖREŞ MESELELERI AŞGABATDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLÝAR
Neşe serişdeleri boýunça komissiýanyň Ýakyn we Orta Gündogar ýurtlarynda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygy hem-de oňa degişli meseleler boýunça kömekçi toparyň 55-nji mejlisi Aşgabadyň “Yyldyz” myhmanhanasynda geçirilýär. Çäräni Türkmenistanyň Hökümeti Birleşen Milletler Guramasynyň Neşelere we jenaýata garşy göreş müdirligi (UNODC) bilen bilelikde gurady. Oňa Gazagystan, Gyrgyzystan, Hindistan, Iordaniýa, Fransiýa, Awstriýa ýaly 11 ýurtdan delegatlar, şeýle hem birnäçe halkara guramalar...
AŞGABATDA ÝAŞYL WE WODOROD ENERGETIKASY HEM-DE METANYŇ ZYŇYNDYLARY UGURLARY BOÝUNÇA TÜRKMENISTANYŇ WE ÝB-NIŇ BILELIKDÄKI MASLAHATY GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 22-23-nji noýabrynda Aşgabatda “Ýaşyl energetika we ÝB-niň wodorodyň ulanylmagy we metanyň zyňyndylarynyň azaldylmagy boýunça strategiýasy” temasy bilen Ýewropa Bileleşiginiň we Türkmenistanyň bilelikdäki maslahaty geçirildi. Gibrid görnüşinde maslahaty Türkmenistanyň energetika ministri we ÝB-niň Türkmenistandaky Ilçisi Diego Ruiz Alonso açdylar. Kadri Simson, Ýewropa Komissiýasynyň energetika boýunça komissarynyň we Klara de la Torre, Ýewropa Komissiýasynyň howanyň üýtgeme...
HORMATLY PREZIDENTIMIZIŇ BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINE RESMI SAPARY TAMAMLANDY
22-nji noýabrda Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň ikinji gününiň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan - BAE» işewürlik maslahatynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Irden hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni dostlukly ýurduň işewürleri bilen duşuşygyň geçirilýän ýerine — kaşaň «St.Regis Abu Dhabi» myhmanhanasyna tarap ugrady. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Birleşen Arap Emirlikleriniň daşary söwda boýunça döwlet ministri Tani bin...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BAE-NIŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARY, PREZIDENTIŇ IŞ DOLANDYRYŞ MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine amala aşyrýan resmi saparynyň çäklerinde BAE-niň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň iş dolandyryş ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýan bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny ýetirdi. Duşuşygyň dowamynda söwda-y...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ WISE-PREZIDENTI, PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞDY
Şol günüň özünde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Arap Emirliklerine resmi saparynyň çäklerinde Birleşen Arap Emirlikleriniň wise-prezidenti, Premýer-ministri, goranmak ministri, Dubaý emirliginiň häkimi Şeýh Mohammed bin Raşid Al Maktum bilen duşuşdy. Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, BAE-niň wise-prezidentine, Premýer-ministrine Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi. Ş...