RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
19 Mar

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI BIRLEŞEN MILLETLER GURAMASYNYŇ NEŞE SERIŞDELER BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ 65-NJI SESSIÝASYNA GATNAŞDY

Türkmenistanyň içeri işler ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti 2022-nji ýylyň 14-18-nji martynda gibrid formatda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeler boýunça komissiýasynyň 65-nji sessiýasyna gatnaşdy. Türkmenistan 2020-2023-nji ýyllar döwürde bu Komissiýanyň agzasy bolup durýar. Neşe serişdelerine gözegçilik etmekde we bu ugurda halkara borçnamalary ýerine ýetirmekde ýüze çykýan soraglary ara alyp maslahatlaşmak üçin 128 döwletden, 19 hökümet...

DOWAMY
pic
19 Mar

TÄZE DOKMA TOPLUMLARY – ÝOKARY TEHNOLOGIÝALY ÖNÜMÇILIK

Ahal welaýatynyň Kaka we Babadaýhan etraplarynda gurlan häzirki zaman dokma toplumlarynda «Jeýtun» we «Mäne» markaly dokma önümlerini öndürmegi özleşdirýärler. Kakaly dokmaçylar tikin önümçiligine – nusgawy we sport eşikleriniň - erkek köýnekleriniň, «çinos» görnüşli jalbarlaryň, çaga jalbarlarynyň we köýnekleriniň önümçiligini ýola goýdular. Babadaýhandaky fabriginde bolsa ýorgan-düşek toplumlarynyň önümçiligi artdyrylýar. Döwrebap dokma toplumlary egirmegi, dokamagy, boýamagy we tikmegi öz...

DOWAMY
pic
18 Mar

BAHREÝNIŇ PATYŞASY TÜRKMENISTANYŇ TÄZE SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Bahreýniň Patyşasy Hamad bin Isa Al Halifanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde täze many-mazmuna eýe bolan dostlukly döwletara gatnaşyklara ýokary baha berdiler. Söhbetdeşligiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti ýurdumyzda 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlary barada durup geçdi. Onuň jemleri boýunça türkmen döwletiniň...

DOWAMY
pic
18 Mar

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ WISE-PREMÝERINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY

2022-nji ýylyň 17-nji martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Prezidentiň işleri boýunça ministri Şeýh Mansur bin Zaýed Al Nahaýýanyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Özara ynanyşmak ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň merkezi saýlaw topary tarapyndan yglan edilen netijelerine görä, Serdar Berdimuhamedo...

DOWAMY
pic
18 Mar

WATAN MUKADDESLIGI MUZEÝINDE DAŞARY ÝURT DILLERINDE AUDIOGIDLER BAR

Halk hakydasy ýadygärlikler toplumynyň Watan mukaddesligi muzeýinde hindi dilindäki audiogid işläp başlady. Ozal sesli gezelençler türkmen, rus we iňlis dillerinde geçirilýärdi. 2014-nji ýylda açylan Muzeý döwrebap multimedia enjamlary bilen üpjün edilen. Onuň zallarynda döwletimiziň kemala gelemginiň wajyp döwürlerine degişli maglumatlar görkezilýän sensor ekranlar we plazma paneller bilen enjamlaşdyrylan. Taryhy wakalar bilen has çuňňur tanyşmak üçin esasy dört bölümden ybarat muzeýiň ek...

DOWAMY
pic
17 Mar

HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY TÜRKMENISTANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Söhbetdeşler birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak hem-de strategik hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda guralýan döwletara gatnaşyklaryň ýokary derejesini we okgunly ösüşini kanagatlanma bilen bellediler. Telefon söhbetdeşliginiň dowamynda Türkmenistanyň häzirki Prezident...

DOWAMY
pic
17 Mar

BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANYŇ SAÝLANAN PREZIDENTINI GUTLADY

2022-nji ýylyň 16-njy martynda Türkmenistanyň häzirki Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Milli Liderimiz kärdeşini mähirli mübärekläp, 12-nji martda geçirilen Prezident saýlawlarynyň netijelerine laýyklykda, Serdar Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine saýlanandygyny habar berdi hem-de öz işini Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesinde dowam etjekdigini belled...

DOWAMY