SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOW EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ BEÝIK RUHY LIDERI AÝATOLLA ALI HAMENEÝI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
Şol günüň özünde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Jumhuri” köşgünden Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy lideriniň kabulhanasyna bardy we ol ýerde Aýatolla Ali Hameneýi bilen duşuşyk geçirildi, oňa Prezident Seýed Ebrahim Raisi hem gatnaşdy. Eýranyň Beýik ruhy lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen mähirli salamlaşyp, häzirki döwürde dost-doganlyk we birek-birege hormat goýmak esasynda ýola goýulýan döwletara gatnaşyklaryň köpasyrlyk ýörelgeleriniň işjeň...
MANAMADA TÜRKMEN-BAHREÝN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda Manama şäherinde Türkmenistanyň we Bahreýn Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda nobatdaky syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary B.Mätiýew, bahreýn tarapyna Bahreýn Patyşalygynyň Daşary işler minsitriniň Halkara işleri boýunça orunbasary Şeýh Abdulla bin Ahmed bin Abdulla Al Halifa ýolbaşçylyk etdiler. Geňeşmeleriň dowamynda diplomatlar iki döwletiň abraýly halkara guramalaryň, ilkinji...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNA RESMI SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 14-nji iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow resmi sapar bilen Eýran Yslam Respublikasyna ugrady. Tähranyň “Mehrabad” Halkara howa menzilinde belent mertebeli myhmany Eýran Yslam Respublikasynyň resmi adamlary hem-de Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli garşyladylar. Kabul edýän tarapyň wekili bilen howa menziliniň resmi wekiliýetler otagynda geçen gysga söhbetdeşligiň dowamynda soňky wagtda ýola goýlan köpugurly hyzmatdaşlygyň ýokary derejes...
TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖBETDEŞLIK GEÇIRILDI
Şu gün, 13-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Gepleşikleriň barşynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy saud tarapyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Umra hajyny berjaý etmegi üçin Saud Arabystany Patyşalygyna iki günlük saparynyň ýokary dereje gurnalandygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Söhbetdeşler ikitaraplaýyn hyzmatdaşly...
BERLINDE TÜRKMENISTAN BILEN GERMANIÝANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda Berlinde Türkmenistanyň Germaniýadaky Ilçihanasy Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan çäre geçirdi. Germaniýanyň Daşary işler ministrliginiň binasynyň “Lihthof” galereýasynda geçirilen bu çärä ýurduň Daşary işler ministrliginiň wekilleri, Germaniýada akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, jemgyýetçilik-ylmy guramalarynyň we nemes kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşdy. Çäräniň...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDA GELEŞIKLERIŇ BAHASY ABŞ-NYŇ 134 MILLION 755 MÜŇ DOLLARYNDAN GOWRAK BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 18-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Türkiýe Respublikasynyň we Owganystanyň işewürleri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy hem-de «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen EСO-93 kysymly awtobenzini satyn aldylar. Bulardan başga-da, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Owganystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna nah ýüplük hem-de jins ma...
MOSKWADA ÝOKARY DEREJEDE TÜRKMEN-RUS GEPLEŞIKLERI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 10-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasyna resmi sapar bilen ugrady. Aşgabadyň Halkara howa menzilinden döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar ugratdylar. Hormatly Prezidentimiziň uçary Moskwa çenli uçuşy amala aşyryp, “Wnukowo-2” Halkara howa menziline gondy. Bu ýerde belent mertebeli myhmanyň gelmegi mynasybetli Türkmenistanyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Döwlet baýdaklary galdyryldy, Hormat garawuly nyzama düzüldi. Howa menzilinde horma...