SOŇKY HABARLAR
"MERKEZI AZIÝA - ÝEWROPA BILELEŞIGI" SAMMITI ASTANADA GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda Gazagystan Respublikasynyň paýtagtynda "Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi" liderleriniň ilkinji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Jomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Hojamyrat Geldimyradow we Ýewropa Geňeşiniň Prezidenti Şar...
Ummanyň aňyrsyndan gelen dostlar bilen hyzmatdaşlyk
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Milli miras merkeziniň direktory Erik Katalfamo we şu merkeziň halkara gatnaşyklary boýunça analitigi Enn Kompton türkmen kärdeşleri bilen ikitaraplaýyn medeni gatnaşyklary ara alyp maslhatlaşmak üçin ýurdumyza geldiler. Olar saparyň çäklerinde Lebapda, Maryda we Ahalda AFCP (Medeni mirasy goramak boýunça ilçiniň gaznasynyň) desgalaryna we Aşgabatda Türkmen halysynyň milli muzeýine baryp gördüler. Gezelenç guraýjy Maýa Ataýewa haly muzeýinde myhmanla...
Aşgabatda ýewropaly nakgaşlaryň wideoinstallýasiýalarynyň sergisi açyldy
Şu günler ýurdumyzyň paýtagtynda geçirilýän Ýewropa Bileleşiginiň Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Döwlet çeperçilik akademiýasynyň galereýasynda Fransiýanyň, Germaniýanyň we Italiýanyň wekilleri bolan nakgaşlaryň wideoinstallýasiýalarynyň sergisi açyldy. Myhmanlara üýtgeşik bir zatlaryň garaşýandygyny sergi zalynyň bosagasyndan ätläniňden aňsa bolýardy. Garaňky jaýyň ak diwarlarynda üýtgeşik ýordumlar we hereketli şekiller görkezilýär. Aşgabatda ilkinji gezek guralýan wideoinstallýas...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GRUZIÝANYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gruziýanyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Konstantin Sabiaşwilini kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy. Diplomat duşuşmaga wagt tapandygy üçin hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimize Gruziýanyň Prezidenti Salome Zurabişwiliniň salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, Gruziýa Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasy...
TÜRKMEN WEKILIÝETI «MERKEZI AZIÝA - KOREÝA RESPUBLIKASY» IŞEWÜRLER GEŇEŞINIŇ 3-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 26-njy oktýabrynda Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň başlygy D.Hudaýberdiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti «Merkezi Aziýa - Koreýa Respublikasy» formatynyň Işewürler geňeşiniň nobatdaky 3-nji mejlisine gatnaşdy. Bu mejlise şeýle hem, Koreýanyň halkara söwda Assosiasiýasynyň (KITA), Koreýanyň importýorlarynyň Assosiasiýasynyň (KOIMA), Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Söwda-sena...
Žurnalistler üçin ýörite sapak guraldy
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Durnukly ösüş maksatlary Ylmy-usulyýet merkezinde paýtagtymyzda ýerleşýän ýokary okuw mekdepleriniň žurnalistika fakultetiniň talyplary üçin çeper ýazuw usullary boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Çäräni Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky Wekilhanasy Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda 24-nji oktýabrda türkmen paýtagtynda başlanan Ýewropa Bileleşiginiň Mede...
Tokaýlar hakda aladalar
Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Daşoguz welaýat tokaý hojalygynyň işgärleri ýurdumyzyň demirgazygyndaky tokaýlaryň genetika goruny we biologik köpdürlüligini saklap goramak babatdaky işleri yzygiderli amala aşyrýarlar. Daragtlaryňdyr gyrymsy agaçlaryň tohumlarynyň ýygnalmagy, tokaý zolaklaryny yzygiderli giňeltmekde, olaryň goruny we biologik köpdürlüligini saklap goramakda möhüm ähmiýeti bolan jogapkärli işleriň biridir. Şu ýylyň güýzünde-de hojalygyň hünä...