SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI HALKARA ZÄHMET MASLAHATYNYŇ SESSIÝASYNA GATNAŞDY
2022-nji ýylyň 7-nji iýunynda Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministri M.Sylapowyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti Halkara zähmet maslahatynyň 110-njy sessiýasyna wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly gatnaşdy. Öz çykyşynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň ýolbaşçysy gatnaşyjylara ýurdumyzyň ilatynyň mynasyp iş orunlary bilen we durmuş-ykdysady ösüşiniň üpjün edilmegi boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bu ugurda Türkmenistanyň Hökümetiniň we BMG-niň arasynda...
MERKEZI AZIÝANYŇ WE HHR-YŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGYNYŇ ÇÄKLERINDE TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSY IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYKLARY GEÇIRDI
7-nji iýunda Türkmenistanyň wekiliýetiniň Merkezi Aziýanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň 3-nji duşuşygyna gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan I bilen gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleler toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Hususan-da ýokary döwlet derejesinde öň gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine aýratyn üns...
TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 30-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini, gidrousul bilen arassalanan dizel ýangyjyny, nebit koksuny satyn aldylar. “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen ECO-93 kysymly awtobenzin we Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndür...
PRESS-RELIZ: OWGANYSTANDA AKINA-ANDHOÝ DEMIRÝOLUNYŇ GURLUŞYGYNYŇ GALAN IŞLERI BAŞLANDY
“Türkmendemirýollary” agentliginiň we Owganystanyň Demirýollar guramasynyň arasynda gol çekilen Ylalaşyga laýyklykda, 2022-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň demirýolçulary we bilermenleri Akina şäherine Akina-Andhoý demirýolunyň gurluşygyny dowam etmek üçin geldiler. Türkmen bilermenleri şeýle hem öz ýanlary bilen ähli gerek bolan tehnikalary we enjamlary getirdiler. Akina şäherinde Türkmenistanyň demirýolçularyny Owganystanyň Balh welaýatynyň Demirýollar guramasynyň we beýleki pudak ed...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ BIRINJI ORUNBASARYNY KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 6-njy iýunynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň birinji orunbasary, BMG-niň Durnukly ösüş boýunça toparynyň başlygy hanym Amina Mohammedi kabul etdi. Türkmenistan BMG-niň ýokary wezipeli wekiliniň ýakynda Täjigistanda geçiriljek “Durnukly ösüş üçin suw” atly ýokary derejeli ikinji halkara maslahata gatnaşmak maksady bilen amala aşyrýan iş saparynyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitinde gelen ilkinji ýurdy boldy. Myhman...
KHBS ÜÇIN HABAR
Şu gün, 6-njy iýunda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara türkmen-rus toparynyň başlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň hem-de Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Orunbasary Alekseý Owerçugyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda taraplar Türkmenistanyň Prezidenti S.Berdimuhamedowyň Russiýa Federasiýasyna amala aşyrjak resmi sapary bilen bagly meseleleri ara...
TÜRKMEN HALKYNYŇ TARYHY-MEDENI MIRASYNYŇ DÜNÝÄDÄKI ŞÖHRATY HAS-DA BELENDE GALÝAR
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň demirgazyk sebitinde “Daşoguz welaýatyndaky milli taryhy-medeni mirasyň obýektleri halkara syýahatçylyk ulgamynda” atly ylmy duşuşyk geçirildi. Duşuşyga degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de sanly ulgam arkaly daşary ýurtly hünärmenler gatnaşdylar. Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçyl...