SOŇKY HABARLAR
DAŞARY ÝURT IŞEWÜR TOPARLARYNYŇ WEKILLERI AWTOBENZINI, SUWUKLANDYRYLAN GAZY WE TEKSTIL ÖNÜMLERINI SATYN ALDYLAR
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 63-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň we Türkiýäniň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini satyn aldylar. Seýdiniňnebiti gaýtadan işleýän zawodynda hem-de «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanalarynda öndürilen suwuklandyrylan gaz Türkiýäniň, Bolgariýanyň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçilerini...
TÜRKMENISTAN BILEN RUSSIÝANYŇ ARASYNDA DIPLOMATIK GATNAŞYKLARYNYŇ ÝOLA GOÝULMAGYNYŇ 30 ÝYLLYGYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL
2022-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary instituty we Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň Moskwa Döwlet Halkara gatnaşyklary instituty bilen bilelikde Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirdi. Dabaraly çäräniň işine Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň (onlaýn formatda) we Russiýa Federasiýasynyň DIM-niň...
MÄNE BABA ÇEPER-PUBLISISTIK FILMI DÜŞÜRILÝÄR
Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň Oguz han adyndaky «Türkmenfilim» birleşiginde «Mäne Baba» atly dowamlylygy gysga 30 minutlyk çeper-publisistik filmi düşürilýär. Bu filimde Gündogaryň beýik akyldary, «Söz äleminiň Soltany» diýen ada eýe bolan Abu Seýit Abul Haýyr – Mäne Babanyň ömür menzilleri we döredijilik dünýäsi barada giňden gürrüň berilýär. Film Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet ko...
AŞGABATDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-RUS TOPARYNYŇ BILELIKDÄKI BAŞLYKLARYNYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 9-njy aprelde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň başlygynyň orunbasary Alekseý Owerçuk bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler ikiçäk we giňeldilen düzümde geçirildi. Giňeldilen düzümde geçirilen duşuşyga Türkmenistanyň we Russiýanyň ykdysadyýetiniň esasy pudaklaryna degişli birnäçe ministrlikleriniň we pudaklaýyn edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de w...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK BOLDY
2022-nji ýylyň 8-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanymyz ikiçäk söhbetdeşlikde hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirip, ilki bilen, öz kärdeşini we onuň üsti bilen Russiýanyň ähli dostlukly halkyny şanly sene —Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola g...
«TÄZE AÝYŇ» ÝOKARY HILLI ÖNÜMLERI
12-nji aprelde ýurdumyzyň telekeçileriniň öndürýän önümleriniň sergisi açylar. Sergide Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň 200-den gowragy öz önümlerini görkezerler. Türkmensitanyň azyk bazarynda özüniň ýokary hilli önümleri bilen giňden tanalýan «Täze Aý» kompaniýasynyň gazanan üstünlikleri ýurdumyzda telekiçligi ösdürmek üçin ähli şertleriň döredilendigine we olardan netijeli peýdalanylýandydgyna şaýatlyk edýär. 2004-nji ýylda birnäçe kärhanalaryň birleşmegi...
HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BAŞLANDY
2022-nji ýylyň 1-nji aprelinde Hindistan Respublikasynyň Prezidenti Ram Nath Kowind Türkmenistana döwlet sapary bilen geldi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň öňündäki meýdançada Hindistan Respublikasynyň Liderini resmi garşylamak dabarasy boldy. Bu ýerde Prezident Ram Nath Kowindi Prezident Serdar Berdimuhamedow mähirli mübärekledi. Iki ýurduň Baştutanlary dostlarça salamlaşyp, ýörite bellenen ýere geçdiler. Hormat garawulynyň serkerdesi...