RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
20 Dek

TAMAMLANAN HEPDE SÖWDANYŇ ÝOKARLANÝANDYGY BILEN TAPAWUTLANDY

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 6-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Beýik Britaniýanyň, Şweýsariýanyň, Kipriň we Täjigistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen uçar kerosinini satyn aldylar. Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Ýer zemin berekedi» hususy kärhanasynyň posdan we ýaglardan arassalamak üçin niýetlenen serişdäni satyn aldylar. Geleşikleriň bahasy ABŞ-nyň 11 million 672 müň...

DOWAMY
pic
20 Dek

AŞGABATDA TÜRKMEN-GAZAK HEREKETLERINI ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2021-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary Serdar Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň dowamynda taraplar syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar. Ýurtlaryň ikitaraplaýyn we köptaraplaý...

DOWAMY
pic
19 Dek

TÄZE ÝYL BAÝRAMYNA ZÄHMET SOWGADY

?Türkmennebit» döwlet konserniniň düzümindäki önümçilik kärhanalary nebitli-gazly ýataklary gözläp tapmakda hem-de olary senagat taýdan işläp taýýarlamakda möhüm işleri alyp barýarlar. Balkan welaýatyndaky “Nebitgazçykaryş” kärhanasynyň zähmetsöýer abatlaýjylary hem netijeli işleri durmuşa geçirip, üstümizdäki ýylyň geçen döwrüni görnükli iş netijelerine beslemegi başardylar. Has takygy, kärhana boýunça şu ýylyň başyndan bäri önüm bermesini kemelden guýularyň 503-si gaýtadan düýpli abatlanyp,...

DOWAMY
pic
19 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI YHG-NYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA MEJLISINE GATNAŞDY

2021-nji ýylyň 19-njy dekabrynda Pakistanyň paýtagty Yslamabat şäherinde «Owganystandaky ynsanperwerlik ýagdaýlary» mowzugy boýunça Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň nobatdan daşary mejlisi geçirildi, onuň işine Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Öz çykyşynda türkmen tarapy owgan halkyna ynsanperwer goldawyny bermegiň aýratyn ähmiýetini belläp geçdi. Şu nukdaýnazardan, Türkmeni...

DOWAMY
pic
19 Dek

TÜRKMEN INSTITUTY DÜNÝÄ REÝTINGINE GIRDI

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna hoş habar gelip gowuşdy. Bu ýokary okuw jaýy ilkinji gezek «UI Green Metric World University Ranking 2021» dünýä reýtingine girdi. «UI Green Metric World University Ranking» uniwersitetleriň ekologik infrastrukturany gowulandyrmaga we daşky gurşawy goramak pudagynda durnukly ösüşe ýardam etmäge sadyklygyny ölçeýän ýyllyk global reýtingidir. Ol 2010-njy ýyldan bäri Indoneziýa uniwersiteti tarapyndan düzülýär. Birinji reýtinge 96 un...

DOWAMY
pic
19 Dek

TÜRKMENISTANYŇ WE HINDISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY

19-njy dekabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Hindistanyň Daşary işler ministri Subrahmaniýam Jaýşankar bilen gepleşik geçirdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklar we sebitleýin hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri barada pikir alyşdylar. Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlarda döwletara gatnaşyklaryň ösüşiniň yzygider depgini nygtaldy. Energetika pudagy iki ýurduň arasynd...

DOWAMY
pic
19 Dek

TEBIGY GÖZELLIKLERIŇ MESGENI

Şanly ösüşleri, taryhy ähmiýetli özgerişleri başdan geçirýän Türkmenistan Diýarymyzyň her bir sebitiniň göreni haýran galdyrýan, özüne mahsus özboluşly tebigat gözellikleri bar. Ata Watanymyzyň haýwanat we ösümlik dünýäsiniň baýlygy, ajaýyplygy bilen tapawutlanýan şeýle jenneti künjekleriň biri-de Balkan welaýatynyň «Hazar» döwlet tebigy goraghanasydyr. Onuň alyslara ýaýylyp ýatan çäginiň umumy tutýan meýdany 268 müň gektara golaýdyr. Goraghananyň iň uly bölegi bolan «Hazar» meýdançasy ýalpak...

DOWAMY