SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANDAN KONTEÝNER ÝÜKLI OTLY HYTAÝA BARDY
Türkmenistandan Gazagystanyň üsti bilen ugradylan konteýner ýükli otly bäş günden Hytaýa bardy. Konteýner ýükli otluda gips ýüklenen kyrk futluk konteýnerleriň 42-si bar. Türkmenistandan we Gazagystandan ýüküň bellenilen ýerine çenli uzaklygy 4150 kilometr bolup, onuň 3450 kilometri Gazagystanyň içinden geçýär. Türkmenistanyň we Gazagystanyň çäginden ugradylan konteýner ýükli otlynyň ekspeditory «KTZ Express» PJ we «Türkmenistanyň Ulag-logistika Merkezi» AGPJ-dir. «Türkmenistanyň Ulag-l...
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ TOPARYNYŇ BILELIKDE BAŞLYKLYK EDIJILERINIŇ GEPLEŞIKLERI
2022-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow özüniň Hytaýa iş saparynyň dowamynda HHR-niň Döwlet Geňeşiniň wise-premýeri Han Çžen bilen sanly ulgam arkaly gepleşikleri geçirdi. Taraplar Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky strategiki hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň ýokary derejä eýedigini belläp geçdiler. Şunlukda, ýokary döwlet derejesinde kemala getirilen açyk, dostlukly we işjeň syýasy gatnaşyklaryň, özara hereketleriň has-da çuňlaşdyrylmag...
ÝHHG "LAPIS-LAZULI" ULAG-ÜSTAŞYR GEÇELGESI HEM-DE HAZAR DEŇZINIŇ SEBITINDE ÖZARA BAGLANŞYKLYLYGYŇ GÜÝÇLENDIRILMEGI BOÝUNÇA SEMINAR GEÇIRDI
2022-nji ýylyň 28-nji martynda Aşgabatda ÝHHG tarapyndan guralan «Lapis-Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesi boýunça sebitleýin seminar öz işine başlady. Gibrid görnüşinde geçirilen iki günlük seminar «Lapis-Lazuli» ulag-üstaşyr geçelgesiniň durmuşa geçirilmegi boýunça strategiýanyň görkezilmegi maksady bilen guraldy. ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi geçelgäniň hereketini üpjün etmek üçin «Lapis-Lazuli» ulag we üstaşyr geçelgesi baradaky ylalaşyga gol çeken ýurtlara goldaw bermegiň çäklerinde onuň d...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDA GELEŞIKLERIŇ UMUMY BAHASY ABŞ-NYŇ 62 MILLION 199 MÜŇ DOLLARYNA BARABAR BOLDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 52-si hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Hytaýyň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen binýatlyk ýagy, az kükürtli ýangyç mazudyny, nebit koksuny, polipropileni, tehniki kerosini, Türkiýäniň, Owganystanyň we Özbegistanyň telekeçileri bolsa Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynd...
TÜRKMENISTAN BILEN KOREÝA RESPUBLIKASY ULAG ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYGYNY BERKIDÝÄR
2022-nji ýylyň 28-nji martynda «Türkmendemirýollary» agentligi bilen Koreýa Respublikasynyň Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň we Demirýol korporasiýasynyň ýolbaşçylarynyň hem-de wekilleriniň gatnaşmagynda duşuşyk geçirildi. Göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda Koreýa Respublikasynyň Demirýol korporasiýasynyň prezidenti Na Hi-syň wideoýüzlenmesi, şeýle hem Ýer, infrastruktura we ulag ministrliginiň direktory Ço Ýoňminiň çykyşlary diňlenildi. Türkme...
DIM-DE BMG-NIŇ BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ REZOLÝUSIÝASYNY KABUL ETMEGINE, ŞEÝLE-DE ÝURDUMYZYŇ BMG-NIŇ HALKARA SÖWDA HUKUGY BOÝUNÇA KOMISSIÝASYNYŇ AGZALYGYNA SAÝLANMAGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Durnukly ösüşi gazanmak üçin köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly rezolýusiýanyň kabul edilmegine hem-de Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň (UNCITRAL) agzalygyna 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin saýlanylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň...
DÖWREBAP MEBELLER ÖNDÜRILÝÄR
Ýurdumyzyň mebelleriň dürli görnüşlerini öndürýän telekeçileri daşary ýurtlardan getirilýän harytlary ýurdumyzda öndürmek we eksporty artdyrmak ýaly ileri tutulýan milli wezipeleri durmuşa geçirmäge, iň esasy-da – ilatyň oňaýly durmuşy üçin döwrebap şertleri döretmäge goşant goşýarlar. «Aýbölek» mebel fabrigi Türkmenistanda şahsy telekeçigiň ilkinjileriniň biridir. 2010-njy ýylyň tomsunda onuň dabaraly açylyşy boldy. Kärhana telekeçilgi goldamak baradaky döwlet maksatnamasynyň çäklerinde bina...