img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
21 Sen

«Täze dünýäden» atly konserti geçirildi

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygynda Döwlet simfoniki orkestriniň «Täze dünýäden» atly konserti geçirildi. Resul Gylyjowyň aýtmagyna görä, çehiýaly kompozotor Antonin Dworžagyň Amerika göçmegi bilen baglanyşyklylykda konsert şeýle atlandyryldy. Aşgabatly nusgawy saz muşdaklary üçin Dworžagyň 9-njy simfoniýasy ýaňlandy. Dworžak: «Eger-de Amerikany görmedik bolsam, şu eserimi ýazmazdym» – diýipdir. Şonuň üçin hem 9-njy simfoniýany köplenç...

DOWAMY
pic
21 Sen

TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET NEBIT MINISTRI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2022-nji ýylyň 21-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Pakistan Yslam Respublikasynyň Döwlet nebit ministri Musadik Masud Malik bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda ýokary derejedäki gepleşikleriň Türkmenistan bilen Pakistanyň arasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk hem pugtalandyrylmagynda uly ähmiýete eýedigi bellenildi. Gepleşikleriň barşynda taraplar söwda-ykdysady, husu...

DOWAMY
pic
20 Sen

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET NEBIT MINISTRINI KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň döwlet nebit ministri Musadik Masud Maligi kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, öz ýurdunyň ýokary ýolbaşçylarynyň — Prezident Arif Alwiniň hem-de Premýer-ministr Muhammad Şahbaz Şarifiň salamyny hem-de türkmen halkyna iberen iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.  Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnet...

DOWAMY
pic
20 Sen

AŞGABATDA TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY ÜSTÜNLIKLERINIŇ SERGISI AÇYLDY

2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda paýtagtymyzdaky Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň iki günlük sergisi öz işine başlady. Forumyň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, Milli Geňeşiň Mejlisiniň we Halk Maslahatynyň ýolbaşçylary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň häkimlikleriniň wekilleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, halkara gurama...

DOWAMY
pic
20 Sen

«TÜRKMENISTANYŇ HALKARA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY: GAZANYLAN TEJRIBE WE ÖSÜŞIŇ GELJEGI» ATLY HALKARA MASLAHATY

2022-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda «Türkmenistanyň halkara ykdysady hyzmatdaşlygy: gazanylan tejribe we ösüşiň geljegi» atly halkara maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor–mugallymlary, talyplary hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. M...

DOWAMY
pic
20 Sen

Ýerli çig maldan peýdalanyp

Daşoguz şäherinde ýerleşýän HJ «Kämil gurujy» plastiki gaplary öndüriji kiçi zawody ýylyň başyndan bäri Russiýa 300 tonnadan göwrak önümi eksport etdi. Kärhana öz öndürýän has berkligi, agyr ýüklere niýetnlenen çydamly polipropilen we polietilen haltalary bilen daşary bazarda at gazandy. Şeýle gaplar Hytaýda öndürilen döerwbap tehnologik enjamlar toplumynda awtomatik usulda çykarylýar. Onda çig mal garýan we guradýan, sepleşdirýän, ýasy sapak taýýarlaýan we saraýan, kesýän we taýyn önüm taýýa...

DOWAMY
pic
19 Sen

TÜRKMENISTANYŇ BMG-NIŇ ÝANYNDAKY HEMIŞELIK WEKILI SLOWENIÝANYŇ DIM-NIŇ DÖWLET SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI

2022-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekilhanasynda Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili A.Ataýewanyň Sloweniýa Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda BMG-niň BA-nyň 77-nji sessiýasy, iki ýurduň BMG-de ileri tutýan ugurlary, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleler, suw meseleleri we BMG-niň düzümlerindäki saýlawlar bilen bagly meseleler boýunça pikir alşyldy....

DOWAMY