SOŇKY HABARLAR
Halkara «Türkmenistan Sport» halkara žurnalynyň nobatdaky sany çapdan çykdy
Neşiriň ilkinji sahypalary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň kasam kabul ediş dabarasyna bagyşlanan materiallar bilen açylýar. Sagdyn durmuş ýörelgesiniň tarapdary we wagyz-nesihatçysy bolmak bilen hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda ýokary derejeli sportuň ösmegi ugrunda irginsiz zähmet çekýär. Türkmen türgenleriniň gazanýan üstünliklerini bütin dünýä bilýär. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby Dilnoza Muhadowanyň «Türkmenista...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRINIŇ WE BAE-NIŇ PREZIDENTIŇ IŞLERI BOÝUNÇA MINISTRINIŇ ARASYNDA DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 29-njy aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti BAE-niň Abu-Dabi şäherine sapar bilen gitdi. Şol gün, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Arap Emirlikleriniň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Prezidentiň iş...
Türkmen kompaniýasy öndürýän boýaglaryny eksport etmegi meýilleşdirýär
“Dürs” hususy kärhanasy gurluşykda binalaryň bezeginde ulanylýan suwly-disperision boýaglaryň dürli görnüşleriniň önümçiligini alyp barýar. Aşgabat şäherinde ýerleşýän kärhanada Italiýanyň döwrebap tehnologiýalary ornaşdyryldy. Kärhana doly güýjünde işledilende, her gün 10 tonna çenli boýag öndürmäge ukyply. 2009-njy ýylda önümçiligini ýola goýan kompaniýa häzirki wagtda potolok, içki we daşky diwar boýaglary, boýagdan öňki gruntlama, kafel üçin ýelim öndürilýär. Dürli reňkdäki boýaglar 18, 2...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI YSRAÝYL DÖWLETINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞDY
2022-nji ýylyň 28-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistandaky Ysraýyl Döwletiniň täze bellenen Ilçisi hanym Bet-Iden Kaýt bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikleriň başynda Ministr R.Meredow Ilçini jogapkärli wezipä bellenmegi bilen gutlady hem-de onuň iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüşine gönükdirilen diplomatik işinde üstünlikleri arzuw etdi. Söhbetdeşligiň barşynda gatnaşyklary berkitmegiň, şol sanda ikitaraplaýyn syýasy, diplomatiki, söwda-yk...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ ÝOKARY DEREJELI BILERMENLER MISSIÝASYNYŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 27-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň Demografiki statistika bolüminiň başlygy Srjan Mrkiç bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen BMG-niň, hususan-da BMG-niň Statistika boýunça edarasynyň hem-de BMG-niň Ilat Gaznasynyň arasynda hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki mükinçilikleri bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbetdeşligiň esasy temasy 2022-nji ý...
Türkmen kompaniýasy “BANT” haryt nyşanly gatlakly ýelimleriň görnüşlerini köpeldýär
Mary welaýatynyň Wekilbazar etrabynyň çäginde ýerleşýän “Berk önüm” hususy kärhanasy şu ýylyň başynda polipropilenden öndürilen gatlakly ýelimleriň täze görnüşlerini öndürip başlady. Täze önüm öňkülerinden ölçegleri boýunça tapawutlanýar. Içerki bazarlarda uly islegden peýdalanýan harytlaryň biri bolan gatlakly ýelimleri öndürmek üçin gerek bolan çig mal Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan alynýar. Hytaýyň enjamlarynyň ornaşdyrylmagy kärhanada aýda 41 müň 600 sany pol...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET GEŇEŞINIŇ AGZASY, GORANMAK MINISTRINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 26-njy aprelinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza sapar bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Döwlet Geňeşiniň agzasy, goranmak ministri Weý Fenhäni kabul etdi. Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin döwlet Baştutanymyza hoşallyk bildirip, HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň we Hytaýyň Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Kesýanyň hormatly Prezidentimize hem-de tutuş türkmen halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Mümkinçilikden peýdalanyp, HHR-iň D...