SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI ÝHHG-NYŇ AŞGABATDAKY MERKEZINIŇ WEKILI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRDI
Şu gün, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow ÝHHG-nyň Aşgabatdaky merkeziniň işleri wagtlaýyn ynanylan wekili R.Kastberg bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyna we geljekki mümkinçiliklerine garaldy. 2022-nji ýylyň 12-nji martynda geçiriljek Türkmenistanyň Prezidentiniň saýlawlaryna görülýän taýýarlyk hem ara alyp maslahatlaşmalaryň aýratyn ugry boldy. Şunuň bilen baglylykda, taraplar bu Guramanyň agza-ýur...
YLMY IŞLÄP TAÝÝARLAMALAR – ÖNÜMÇILIGE: BUÝAN TOŞAPLY BULKAJYKLAR WE MINERAL SUWY
Türkmenistanyň Ylymlar Akademiýasynyň Tehnologiýalar merkeziniň barlaghanasy ylmy ugurlaryň birnäçesini birleşdirýän, şol sanda biomaglumatlar tehnologiýalary babatda barlaglar geçirýär. Barlaghananyň işi ýurdumyzyň azyk bolçulygyna gönükdirilendir. Biz farmakognoziýa ugrundan hünärmenler bilen söhbetdeş bolanymyzda häzirkizaman farmokognostika barlaglarynyň dermanlyk ösümlikleriň we olardan alynýan dermanlaryň görnüşleriniň sanynyň köpelendigini bildik. Şeýle hem bizi çig maly almagyň dürli us...
DAŞARY IŞLER MINISTRLERI TÜRKMEN-RUS ÖZARA HEREKETLERINIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Şu gün, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.O.Meredowyň Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri S.W.Lawrow bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň derwaýys ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Ministrler Altynjy Hazar sammitiniň taýýarlygy bilen bagly meselelere hem seredip geçdiler.
«EL HÜNÄRI – IL GEZER» ATLY MASLAHAT WE MUZEÝ GAZNALARYNDA SAKLANÝAN KÜRTELERIŇ SERGISI GEÇIRILDI
Türkmen zenanlarynyň çeper eliniň hünäri barada näçe aýtsaň hem az. Zenanlarymyzyň ähli döwürde öz öýüni bezän ajap halylarynyň şan-şöhraty dünýä doldy. Olar öz lybaslaryna aýratyn üns berýärler. Asyrlarboýy türkmen zenanlary lybaslaryny owadan keşdeler bilen keşdeläp, onuň milliligini has-da ösdüripdirler. Zenany yssydan-sowukdan goraýan başatgyç halk amaly sungatynyň bir bölegidir. Zenanlarymyz ony kümüş şaý-sepler bilen bezelen börügiň üstünden atynypdyrlar. Türkmenlerde zenanyň ýaşy so...
TÜRKMENISTANYŇ WE SAUD ARABYSTANY PATYŞALYGYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Saud Arabystany Patyşalygynyň Daşary işler ministri Faýsal bin Farhan Al Saud bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Şu ýylyň 22-nji fewralynda Türkmenistan bilen Saud Arabystany Patyşalygynyň arasynda diplomatik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna 30 ýyl dolýandygyny bellenilip geçildi. Şunuň bilen baglylykda daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary birek-birege gutlaglaryny beýan etdiler. Ministrler...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYSYNYŇ TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 17-nji fewralda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türki döwletleriň guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýew bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Onuň dowamynda Türkmenistanyň bu Gurama bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň Daşary işler ministri bu guramanyň ýurtlarynyň dürli ugurlar boýunça özara gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem giňeldilmeginiň zerurdygyny nygtady. Şonuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Türki döwle...
ZEÝTUN – MÜŇ BIR DERDIŇ DERDAMY
Balkan welaýatynyň Etrek etrabynyň «Gyzylbaýyr» geňeşliginiň Şarlawuk obasynyň golaýynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy, dürli miweli baglary ösdürip ýetişdirmek bilen meşgullanýan tejribeli telekeçi Taňryberdi Jepbarowyň ekerançylyk meýdanynda zeýtun ösdürip ýetişdirmekde degişli ideg işleri alnyp barylýar. Baýry telekeçiniň häzirki pursatda bu ajaýyp künjekdäki miweli baglarynyň tutýan meýdany ýedi gektara ýetýär. Şonça meýdanda geçen döwürde ýaş nahallary o...