SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE BMG-NIŇ AŞGABATDAKY WEKILHANALARYNYŇ WE AGENTLIKLERINIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky düzüm birlikleriniň wekilleri bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşyga BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan we BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetirijisi Filipp Saprykin gatnaşdylar. I...
«ÜLKE» – SYNAG GEÇIRMEK WE IŞEWÜRLIK ÜÇIN MEÝDANÇA
?Ülke» hususy kärhanasynyň hünärmenleri sintetiki önümi – kremniniň karbidini almak boýunça täsin synag işlerini tamamladylar. Sintezi geçirmek üçin telekeçileriň, öň taýýarlan emeli grafiti hem-de ýerli känleriň kwars çägesi ulanyldy. «Ülke» HK-nyň direktory Andreý Kurbatow şeýle gürrüň berýär: – Taslamany düzüjilere synag işlerini geçirmegi taýýarlamak üçin köpýyllyk nazary taýýarlyk we dört ýyldan gowrak wagty öz içine alan ýerine ýtirilmeli anyk işler gerek boldy. «Ülke» hususy kärhanasyn...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ ÖSÜŞ MAKSATNAMASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY HEMIŞELIK WEKILINI KABUL ETDI
2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistanda täze bellenilen hemişelik wekili hanym Narine Saakýany kabul etdi. Diplomat döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşuryp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny ýetirdi. Baş sekretar ösüşlere beslenen özgertmeler ýoly bilen ynamly barýan Garaşsyz Türkmenistan bilen köpýyllyk netijeli hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna özüniň ýolbaşçylyk...
TDHÇMB-NYŇ SÖWDALARYNDA GELEŞIKLERIŇ 89-SY HASABA ALYNDY
Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 89-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, binýatlyk ýagy, awtobenzini we parafin gaçy satyn aldylar. BAE-niň we Owganystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bolsa, «Türkmengaz» we «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň kärhanal...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HZG-NIŇ ZÄHMET KADALARY DEPARTAMENTINIŇ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 16-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň Halkara zähmet guramasynyň Zähmet kadalary departamentiniň direktory Korinn Warga bilen onlaýn duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanyň we Halkara zähmet guramasynyň arasyndaky durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň ýokary derejeliligini nygtadylar. Türkmenistanyň Halkara zähmet guramasynyň agzasy bolmak bilen, öz durmuşa geçirýän syýasatynda hemmelere mynasyp zähmet we durmuş ada...
ÝURDUMYZDA 2021-NJI ÝYLYŇ NETIJELERI BOÝUNÇA GARAŞSYZLYK ÝYLLARY IÇINDE TEBIGY GAZY ÇYKARMAKDA IŇ ÝOKARY GÖRKEZIJI GAZANYLDY
Ýurdumyzda 2021-nji ýylyň netijeleri boýunça Garaşsyzlyk ýyllary içinde tebigy gazy çykarmakda iň ýokary görkeziji gazanyldy, ýagny 83 milliard 772,9 million kub metr tebigy gazyň çykaryldy. Bu barada Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Ş.Abdrahmanow hasabat berdi. Wise-premýer nebitiň we gaz kondensatynyň çykarylyşy, şeýle hem nebiti gaýtadan işlemegiň tehniki-ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi. Hasabat döwründe be...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ HEM-DE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 14-nji fewralynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Iki döwletiň Baştutanlary birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, döwletara gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy hem-de ony ösdürmegiň mümkinçilikleri, şonuň ýaly-da, özara gyzyklanma bildirilýän halkara we sebit syýasatynyň käbir meseleleri barada özara pikir alyşmak mümkinçiligine kanagatlanma bildirdiler....