SOŇKY HABARLAR
DIM-DE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ TARYHY ÇÖZGÜTLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 12-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisiniň çäklerinde gazanylan taryhy çözgütlere bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle-de ýurdumyzda akkreditirlenen diplomatik edaralaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Öz çykyşynyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlyg...
HALYÇYLYK ÖSÜŞLERE BESLENÝÄR
Halkymyzyň gadymdan gelýän milli senedi bolan halyçylygy ösdürmäge döwletimiz tarapyndan hemişe üns berilýär. Bu ugurda ýurdumyzyň hemme sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda bitirilen işler aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Has takygy, soňky döwürlerde welaýatyň Esenguly şäherinde 300 orunlyk, Serdar şäherinde 500 orunlyk, Bereket şäherinde bolsa 120 orunlyk täze halyçylyk kärhanalarynyň açylyp, işe girizilmegi hem türkmeniň bu inçe sungatyny ömürlik kesp — kär edinip, ykbalyny oňa baglan...
TÜRKMEN-GAZAGYSTAN HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ MÜMKINÇILIKLERINE SEREDILDI
Şu gün, 12-nji fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň türkmen paýtagtyna iş sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministriniň Birinji orunbasary Roman Sklýar bilen duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça alnyp barylýan netijeli hyzmatdaşlygyň meseleleriniň giň gerimini ara alyp maslahatlaşdylar. Iki döwletiň...
SPANBOND MATALARYNYŇ ÖNÜMÇILIGI ARTÝAR
?Garagum» hojalyk jemgyýeti dokalmaýan matanyň täze görnüşini – spanbond mata çykarmagy özleşdirýär. Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynda telekeçiler bu matanyň görnüşiniň ýylda 2500 tonnasyny öndürýän zawodyny gurdular. Häzir kärhanada enjamlary sazlama işleri alnyp barylýar. Dokalmaýan matany öndürmek üçin çig mal hökmünde ýurdumyzda öndürilýän polipropilen ýaly süýüm emele getirýän polimerler ulanylar. Matalardaky bu süýümler dokmaçylyk usulyny ulanmazdan, aýratyn usul bilen özara bagla...
TÜRKMEN PAÝTAGTYNDA TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 11-nji fewralynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň nobatdan daşary mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk maslahatynyň saýlanan agzalary, Mejlisiň deputatlary, döwlet häkimiýet edaralarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, welaýatlaryň, etraplaryň hem-de şäherleriň häkimleri, halkyň hormatly ýaşululary, ilatyň ähli gatlaklarynyň wekilleri gatnaşdylar....
DUTAR – YLHAM ÇEŞMESI!
Şeýle at bilen dutar ýasamak senetçiliginiň, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungatynyň ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilmegine bagyşlanan ýaş suratkeşleriň sergisi geçirildi. Bu sergi şekillendiriş sungatynyň sergi merkezine gelenleri çeper döredijilik arkaly aýdym-sazyň jadyly älemine alyp barýar. Serginiň açylyş dabarasyna halk aýdymlaryny ýerine ýetirýän ýaş bagşy-sazandalaryň gatnaşmagy bu ýere ýygnananlar üçin ajaýyp sowgat boldy. Sergide Bäşim Nu...
TÜRKMENISTANYŇ MILLI GEŇEŞINIŇ HALK MASLAHATYNYŇ ADATDAN DAŞARY MEJLISI ÖZ IŞINE BAŞLADY
Şu gün, 11-nji fewralda ýurdumyzda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň adatdan daşary mejlisi öz işine başlady. Mejlisiň işine Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy – hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk edýär. Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň öň gol çeken Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň parlamentiniň ýokary palatasynyň nobatdan daşary mejlisi sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly geçirilýär. Mejlisde...