SOŇKY HABARLAR
GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI RESMI SAPAR BILEN TÜRKMENISTANA GELDI
Şu gün, 2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Nurgožoýewiç Žaparowyň Türkmenistana iki günlük resmi sapary başlandy. Saparyň dowamynda Sadyr Žaparow Gypjak obasyna bardy we bu ýerde Türkmenistanyň ilkinji Prezidentiniň ýadygärligini hatyralap, kümmete gül çemenini goýdy we Türkmenbaşynyň Ruhy metjidine baryp gördi. Soňra Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň ulag kerweni Türkmenistanyň Garaşsyzyk binasyna ugrady, bu ýerde belent mertebeli myhman gül çemenini...
PILE GAÝTADAN IŞLENILIP BAŞLANDY
Piläni gaýtadan işlemekde 90 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan Türkmenabadyň ýüpek önümçiligi birleşiginiň işgärleri täze pile hasylyny gaýtadan işlemäge girişdiler. Ýüpek saraýjy önümçiligiň awtomatlaşdyrylan enjamlary birkemsiz sazlanyldy we Amyderýa jülgesiniň ýüpekçilerinden gelýän mymyk piläni üznüksiz gaýtadan işlemek üçin taýýarlanyldy. «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda Lebap welaýatynyň ýüpekçileri pile taýýarlamak tabşyrygyny artygy bile...
«MAGTYMGULY PYRAGY WE TÜRKMEN HALKYNYŇ GARAŞSYZ DÖWLETLILIK TAGLYMATY» ATLY HALKARA MASLAHATY
2021-nji ýylyň 26-njy iýunynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly «Magtymguly Pyragy we türkmen halkynyň garaşsyz döwletlilik taglymaty» atly halkara maslahaty geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan bu çärä dünýäniň dürli ýurtlaryndan döwlet işgärleri, meşhur ylmy wekilleri, şeýle hem syýasatşynaslary we taryhçylary gatnaşdylar. Forumyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň...
HUSUSY SOWADYJY AMMAR BINA EDILÝÄR
Ýurduň demirgazygynda, Daşoguz welaýatynyň Ruhubelent etrabynda oba hojalyk önümlerini saklamak üçin ilkinji hususy döwrebap sowadyjy ammar bina edilýär. Ol birwagtda 350 tonna gök önümi we miwäni saklamaga niýetlenendir. Bu ýöriteleşdirilen desgany Türkmenistanyň Telekeçiler we senagatçylar birleşmesiniň daşoguzly agzasy Sarybaý Hanbaýew gurýar. Wasabat geňeşliginiň çäginde ýerleşen täze bina 1,6 gektar meýdany eýeleýär. Häzir bu ýerde Ýewropada öndürilen häzirki zaman enjamlary bilen abzallaşd...
GYRGYZYSTANYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENILEN ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISI BILEN DUŞUŞYK
2021-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Gyrgyz Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenilen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Talant Sultanow bilen duşuşdy. Ilçi Talant Sultanow täze bellenilen wezipesi mynasybetli bildiren mähirli gutlaglary we ýagşy arzuwlary üçin türkmen tarapyna minnetdarlyk bildirmek bilen, dostlukly türkmen-gyrgyz gatnaşyklaryny mundan beýläk-de berkitmek ugrunda ähli tagallalary etjekdigini belledi. Diplomatlar syý...
“TÜRKMENPOÇTA” ŞEREKETI: UÇAR PETEKLERINI PAÝTAGT BÖLÜMLERINDEN ALMAK BOLÝAR
“Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň “Türkmenpoçta” Döwlet poçta aragatnaşygy şereketi Aşgabadyň ilaty üçin hyzmatlaryň gerimini giňeldýär. Paýtagtymyzyň poçta bölümlerinde indi diňe demirýol ulagy üçin däl, eýsem ýerli howa ýollaryna-da petek almak bolýar. Uçar petekleri her gün 8.00-dan 20.00-a çenli işleýän 1, 15, 17, 20 we 35-nji poçta bölümlerinde ähli ugurlar boýunça satylýar. Bu hyzmatyň welaýat poçta bölümlerinde-de ulanylyşa girizilmgi boýunça işler alnyp barylýar. Aragatnaşykçylar m...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITABYNYŇ ITALÝAN DILINDÄKI NEŞIRINIŇ TANYŞDYRYLYŞ DABARASY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň mejlisler zalynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň italýan dilindäki neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Çärä paýtagtymyzyň ýokary okuw mekdepleriniň rektorlary, professor-mugallymlary we talyplary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň hem-de halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçy...