SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASY BILEN ÖZARA HEREKETLERINIŇ ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLMAGYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy iýunynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda ýurduň ugurdaş ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň hem-de Aşgabada iş sapary bilen gelen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň wekilýetiniň gatnaşmagynda tegelek stoluň başynda duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow we Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary Hadi Suleýmanpur hem gatnaşdylar. Bu çäre Türkmenistanyň şu ýyl başlyklyk edýän YHG-sy bilen özara hereketleriniň ileri tutulýa...
GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA TÜRKMENISTANYŇ GAZ GEÇIRIJI ULGAMYNYŇ ÖSÜŞI
1991-nji ýylda garaşsyzlyk alandan soň, ýaş türkmen döwleti taryhy tejribä, milli mirasa we bar bolan çeşmelere daýanýan milli ösüş modelini saýlamak meselesi bilen ýüzbe-ýüz boldy. Ykdysady garaşsyzlygy pugtalandyrmak üçin, ýurduň esasy tebigy baýlyklaryndan biri bolan tebigy gazyň ägirt uly ätiýaçlyklaryndan pul gazanmagyň ýollaryny kesgitlemek möhümdi. Merkezi Aziýa – Merkez turbageçiriji ulgamy köp ýyllaryň dowamynda türkmen gazyny Russiýa we Ýewropa ibermegiň ýeke-täk ýoly bolupdy. Garaşsyz...
YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNYŇ TÜRKMENISTANA SAPARY
2021-nji ýylyň 28-30-njy iýuny aralygynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Suleýmanpur resmi sapary bilen Aşgabatda bolýar. Saparyň çäklerinde Baş sekretar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan kabul edildi. Şeýle-de doktor Hadi Suleýmanpuruň Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşygy boldy. Duşuşygyň barşynda taraplar şu ýylda Türkmenistanyň Guramada başlyklyk etmeginiň çäklerinde YHG-niň iş ýüzündäki hereketlerini...
ENERGIÝA GEÇIŞLIGI WE UGLEWODOROD BAZARYNYŇ GELJEGI
2015-nji ýylda baglaşylan Pariž klimat ylalaşygy energiýa geçişligine şert döretdi. Energiýa geçişligi (Energy transition) – özünde 4 elementi: energiýa netijeliligini, karbonsyzlaşdyrmagy, merkezsizleşdirmegi we sanlaşdyrmany jemleýän energiýa ulgamlarynyň bütin dünýä boýunça başga görnüşe geçmegidir. Energetik geçiş energiýanyň dikeldip bolýan “ýaşyl” çeşmesini ulanmagyň hasabyna gazylyp alynýan ýangyçdan (kömürden, nebitden we tebigy gazdan) ýuwaş-ýuwaşdan ýüz öwürmek ýoly bilen howa meselesi...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI TÜRKI DILLI DÖWLETLERIŇ HYZMATDAŞLYK GEŇEŞINIŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞDY
2021-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen Türki dilli döwletleriň hyzmatdaşlyk geňeşiniň (Türki Geňeşiň) Baş sekretary B.Amreýew bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň bu formatdaky döwletleriň arasynda işjeň hyzmatdaşlygy ilerletmäge gönükdirilen Türki Geňeş bilen özara gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýynyň derejesini we geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Duşuşykda Geňeş tarapyndan gurnalýan ýokary dereje...
KERKI HOWA MENZILINE ICAO-NYŇ KODY WE HALKARA ÜLŇÜLERE LAÝYKLYK GÜWÄNAMASY BERILDI
Ozal habar berlişi ýaly, 23-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Kerki şäheriniň Halkara howa menziliniň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda Kerkiniň Halkara howa menziline dört harply UTAE kodunyň berlendigi baradaky ICAO-nyň resminamasy hem-de Mýunheniň Halkara howa menzili tarapyndan halkara ülňülere laýyk gurlandygy baradaky laýyklyk güwänamasy gowşuryldy. ICAO-nyň indeksi howa gullugynyň ýerleşýän...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI SADYR ŽAPAROW STRATEGIKI HYZMATDAŞLYGY GIŇELTMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
Öň hem habar berlişi ýaly, 2021-nji ýylyň 27-nji iýunynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistana resmi sapar bilen geldi. Saparyň birinji gününde Gyrgyzystanyň Prezidenti Sadyr Žaparow Söwda-senagat edarasyna bardy, ol ýerde Türkmenistanyň eksport harytlarynyň sergisi bilen tanyşdy hem-de türkmen-gyrgyz ykdysady forumyna gatnaşdy. Saparyň ikinji gününde, 28-nji iýunda ir bilen ýokary derejeli myhman onuň üçin niýetlenen rezidensiýasyndan Aşgabadyň merkezinde ýerleşen...