SOŇKY HABARLAR
ÝÜKÜŇ ILKINJI TAPGYRY BIŞKEKE ELTILDI
Türkmenistandan Gyrgyzstana ilkinji haryt tapgyry eltildi. Bu barada Prezident Sadyr Japarowyň ýurdumyza resmi saparynyň dowamynda ylalaşyk gazanylypdy. Takmynan 20 tonna santehnika önümi, onlarça tonna pomidor, käşir we konditer önümleri Türkmenabatdan Bişkeke «Türkmenhowaýollary» agentliginiň IL-76 uçarynda iberildi. Mundan başga-da, birnäçe tonna nebit-himiýa önümleri (polipropilen, polietilen düwürleri), mata nusgalary we ş. m. gowşuryldy. Şeýlelik-de türkmen telekeçileri birnäçe gün mundan...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARY TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK GEÇIRDILER
2021-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirdi. Taraplar Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda ýakynda geçirilen telefon söhbetdeşliginiň netijeleri boýunça Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň Prezidentleriniň tabşyryklaryna laýyklykda türkmen-türk gatnaşyklarynyň ösüşiniň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar. Söhbe...
POMIDORYŇ EKSPORTY IKI ESSE ARTAR
Pomidor we beýleki ekinleri ýyladyşhanalarda ösdürip ýetişdirmek boýunça ýöriteleşýän hususy oba hojalyk öndürijileriniň eksport mümkinçiligi artýar. Ýyladyşhanalar ýurtda azyk howpsuzlygyny goldamakda möhüm orna eýe bolup başlady. Olar arly ýylyň dowamynda ilaty täze gök önümler bilen üpjün edýärler we hemişelik iş ýerlerini döredýärler. Türkmenistanyň hususy oba hojalyk öndürijilerinden içerki we daşarky bazarlara pomidor, hyýar, bulgarburç, ýertudana we beýleki azyk önümleri iberilýär....
TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY GEPLEŞIGI GEÇIRILDI
Şu gün, 2-nji iýulda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen telefon arkaly gepleşigi geçirildi. Şöhbetdeşligiň dowamynda taraplar golaýda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň Türkmenistana bolan resmi saparynyň nukdaýnazaryndan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşiniň oňyn depgini belläp geçdiler. Ministrler döwlet baştutanlarynyň arasynda gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilmegi babatynda pikirl...
BELORUSYŇ WE TÜRKMENISTANYŇ POÇTA ŞEREKETLERI HYZMATDAŞLYGY DOWAM ETDIRERLER
2021-nji ýylda Belarusyň “Belpoçta” respublikan unitar kärhanasy bilen Türkmenistanyň “Türkmenpost” döwlet poçta şereketiniň arasyndaky hyzmatdaşlyk dowam eder. “Belpoçtanyň” Bütindünýä poçta bileleşiginiň (BPB) we onuň kadalaşdyryjy-hukuk esasynyň çäginde, şeýle hem ikitaraplaýyn şertnamanyň esasynda halkara ýollamalar alyş-çalyş EMS pudagynda poçta hyzmatlaryny ýerine ýetirmekde “Türkmenpoçta” bilen üstünlikli hyzmatdaşlyk edýändigi bellenildi. “Belarus we Türkmenistan Sebit arkalaşygyny...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI «ÝEWROPA BILELEŞIGI – MERKEZI AZIÝA» ÝOKARY DEREJELI DIALOGYŇ DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 1-nji iýulynda Daşkentde Daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde syýasat hem-de howpsuzlyk meseleleri boýunça «Ýewropa Bileleşigi – Merkezi Aziýa» ýokary derejeli Dialogyň nobatdaky tapgyry geçirildi. Duşuşykda türkmen wekiliýeti Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew ýolbaşçylyk etdi. Ýewropa wekiliýetine Ýewropa Bileleşiginiň Daşary aragatnaşyklar boýunça gullugynyň Baş sekretarynyň orunbasary Enrike Mora ýolbaşçylyk etdi. Şeýle-de...
TELEKEÇILER ÜÇIN INTERNET HYZMATLARY
“Türkmen Hemrasy” ýapyk paýdarlar jemgyýeti türkmen telekeçilerine internet hyzmatlary üçin amatly bahalary hödürleýär. Bu maglumat Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň resmi saýtynda ýerleşdirilipdir. XXI asyrda häzirki zaman hemra aragatnaşyk hyzmaty, ýurduň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda iş alyp barýan türkmen telekeçilerini-de goşmak bilen, işewürleriň netijeli işlemegi üçin möhüm şertleriň biridir. Bu şereket Türkmenistanyň giň geografik zolaklaryny, şol sanda süýüml...