SOŇKY HABARLAR
DAG GÖZELLIKLERINIŇ BEÝANY
Dagda düşürýän suratyň şowly bolmagy üçin dagyň belent gaýalaryna belet bolmaly. Şol ýerlerden görünýän dag manzaralarynyň gözelligi aýdyp-diýer ýaly däl! Onsoň şol gözelligi neneň surata düşürjek däl. Galyberse-de, surata düşürýän enjamyň ýanyňda bolsa... Surat enjamyňy al-da, surata düşüriber! «Agama» klubynyň agzalary hem hut şeýdýärler. Her ýyl klubyň yglan edýän surat bäsleşiklerinde ajaýyp suratlaryň ýüzlerçesi görkezilýär. Olar dagyň tebigaty, haýwanat dünýäsi, üýtgeşik wakalary we pur...
TÜRKMENISTAN WE OWGANYSTAN HYZMATDAŞLYGYŇ ÄHLI UGURLARY BOÝUNÇA IKITARAPLAÝYN GATNAŞYKLARYŇ ÖSDÜRILMEGINE YGRARLYDYRLAR
Häzirki wagtda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýewiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet agzalary Owganystanda iş saparda bolýar. Şu gün, 8-nji ýanwarda, Türkmenistanyň wekiliýet agzalary ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirdi. Hususan-da, Owganystanyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary Abdul Salam Hanafi, Daşary işler ministriň orunbasary Şer Mohammad Abbas Stanikzaý, Magdan we nebit önümleri ministri Şahabuddin Delewar, Oba hojalyk, suwaryş we maldarçylyk ministriniň orunbasary M...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ ADATDAN DAŞARY WE DOLY YGTYÝARLY ILÇISINI KABUL ETDI
Şu gün, 6-njy ýanwarda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Sýan Naýçeni kabul etdi. Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Hytaýyň Ilçisine Türkmenistan bilen Hytaýyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi mynasybetli HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň adyna ýazan hatyny gowşurdy. Mälim bolşy ýaly, iki ýurduň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992...
SERIŞDELER GAÝTADAN DIKELDILÝÄN YKDYSADYÝETIŇ GELJEGI
Golaýda Ýewropanyň abatlaýyş we ösüş bankynyň taslamasynyň çäklerinde Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrligi «Ekonlaýn Interneýşnl» JÇJ hem-de DEKONTA kompaniýasy bilen bilelikde galyndylary gaýtyadan işleýän kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşmagynda «Türkmenistanyň mümkinçiligini güýçlendirmek: serişdeler gaýtadan dikeldilýän ykdysadyýet we galyndylary dolandyrmak» atly jemleýji webinar boldy, onda galyndylary ulanmak boýunça häzirki hereket edýän Milli strategiýa masl...
BUÝAN KÖKI – JANA MELHEM
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümindäki Türkmenabat şäherindäki «Buýan» obasenagat toplumynyň agzybir işgärleri 2021-nji ýylyň dowamynda arassalanyp baglanan buýan köküniň 2961 tonnasy, buýan köküniň gury ekstraktynyň, ýagny üwelen külke görnüşiniň 680 tonnasy, şeýle hem buýanyň kökünden alynýan goýy ekstraktyň 610 tonnasy öndürildi. Geçen ýylky bilen deňeşdirilende ösüş depgini 118,7 göterime barabar boldy. Kärhanada öndürilýän önümiň dünýä bazarynda uly...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ TÄZE DÖREDEN «JAN WATANYM TÜRKMENISTAN!» ATLY GOŞGUSYNA BAGYŞLANAN MASLAHAT GEÇIRILDI
2022-nji ýylyň 5-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň binasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze döreden «Jan Watanym Türkmenistan!» atly goşgusyna bagyşlanan maslahat geçirildi. Çärä Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Hazar deňzi institutynyň ýolbaşçylary we işgärleri, professor-mugallymlar we talyplar hem-de milli habar beriş serşdeleriň wekilleri gat...
HALK BÄHBITLI ÇÄRELER AMALA AŞYRYLÝAR
Täze, 2022-nji ýylyň «Halkyň Arkadagly zamanasy» şygary Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalarynda göz öňünde tutulan ilaty durmuş taýdan goramagyň täze çäreleri bilen durmuşa geçirilýär. Döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň 8-nji oktýabryndaky Permanyna laýyklykda, birinji ýanwardan döwlet býujetinden maliýeleşdirilýän edaralaryň, hojalyk hasaplaşygyna we jemgyýetçilik birleşikleriniň kärhanalaryna degişli işgärleriň aýlyk zähmet haklarynyň, pensiýalaryň, döwl...