SOŇKY HABARLAR
HINDISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINE ÝAZAN HATY GELIP GOWUŞDY
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna iberen hatynda, Hindistan Respublikasynyň Premýer-ministri Narendra Modi döwlet Baştutanyny Hindistan Respublikasynyň Güni mynasybetli geçiriljek baýramçylyk çärelerine hem-de “Hindistan — Merkezi Aziýa” ýokary derejeli sammite gatnaşmaga çagyrýar. Narendra Modi öz hatynda Hindistan bilen Türkmenistany däbe öwrülen taryhy-medeni gatnaşyklaryň baglanyşdyrýandygy barada belleýär. "Maňa 2015-nji ýylda Siziň ajaýyp ýurduňyzda bolmak b...
ÝUNISEF TÜRKMENISTANA LUKMANLAR ÜÇIN ŞAHSY GORAG SERIŞDELERINI GETIRDI
Şu hepdede ÝUNISEF Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi üçin şahsy gorag serişdelerini (ŞHS) getirdi. Olar umumy bahasy ABŞ-nyň 225 000 dolalryna barabar bolan ŞHS-ne kombinzondan, örtüklerden, gorag nikaplaryndan, ýektaýlardan, elliklerdir we gorag äýneklerinden ybaratdyr. Bu serişdeler ýiti ýokanç kesellerine garşy durmagy üpjün etmegiň Milli meýilnamasyny durmuşa geçirmäge dowam edýän goldawyň çäklerinde beridli. «COVID-19 pandemiýasynyň tutuş dünýäde dowam edýä...
HÖKÜMETARA TÜRKMEN-GYRGYZ TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Energetika ministrliginde sanly ulgam arkaly Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we ynsanperwer hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gyrgyz toparynyň nobatdaky bäşinji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Gatnaşyjylar döwletara ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, şeýle-de iki ýurduň arasyndaky hyzmatd...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI DUŞANBEDE GEÇIRILEN «MERKEZI AZIÝA – KOREÝA RESPUBLIKASY» HYZMATDAŞLYK FORUMYNYŇ 14-NJI MEJLISINE GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Duşanbe şäherinde Daşary işler ministrler derejesinde «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumy 14-nji mejlisi geçirildi. Forumyň işine «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşyjy-ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministri Raşid Meredow ýolbaşçylyk etdi. Özara hereketleriň dört sany ýörite ugry: tokaý hojalygy, «ýaşyl» energetika, saglygy goraýyş we...
BABAGAMMAR – DUTARYŇ PIRI
Türtkmen topragy aýdym-saz sungatyna penakär we hemaýatkär bolan uly pirleriň gezen ýerleri hasaplanýar. Edil Gorkut Ata we Aşyk Aýdyň pir ýaly türkmeniň saz sungatynyň hemaýatkäri saýylýan dutaryň piri Babagammaryň aramgähi Ýolöten etrabynyň Gammarbaba geňeşliginiň çäginde ýerleşýär. Babagammar ýazuw çeşmelerinde XIV asyrdan bäri häs mälim bolan, türkmeniň milli saz guraly bolan dutary ilki ýasan adam hasaplanýar. Murgap derýasynyň ugrunda gadym eýýamlarda bina edilen Gazyklybent bilen...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI DUŞANBE ŞÄHERINDE IŞJEŇ DUŞUŞYKLARYŇ BIRNÄÇESINI GEÇIRDI
Şu gün, 30-njy noýabrda «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» hyzmatdaşlyk Forumynyň 14-nji mejlisine gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon tarapyndan kabul edildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen söhbetdeşligiň barşynda taraplar golaýda türkmen paýtagtynda geçirilen Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň 15-nji Sammitiniň netijelerini...
AŞGABATDA «PARAHATÇYLYGYŇ MEDENIÝETI» ATLY HALKARA WEBINARY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 30-njy noýabrynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy, baky Bitaraplygynyň 25 ýyllygy, şeýle hem 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýlip yglan edilmegi mynasybetli Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde «Parahatçylygyň medeniýeti» atly halkara webinary geçirildi. Webinara dünýäniň 15 ýurdundan 40-dan gowrak medeniýet ulgamynyň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň çäklerinde ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli topar...