img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
27 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WE TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirojiddin Muhriddin bilen gepleşikleri geçirdi. Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň we Täjigistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary döwletara gatnaşyklaryň derwaýys meseleleri, şol sanda halkara hem-de sebit gün tertibiniň ähmiýetli ugurlary boýunça pikirl...

DOWAMY
pic
27 Noý

ÖSÜŞ DEPGININE MÖHÜM GOŞANT

Ýurdumyzyň döwlete degişli däl böleginiň wekilleri Türkmenistanyň umumydöwlet we pudaklaýyn maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine, dürli görnüşli önümleriň öndürilmegine möhüm goşant goşmak bilen, türkmen ykdysadyýetiniň depginli we durnukly umumy ösüşini üpjün edýärler. Hususy hojalyklaryň oba hojalygyndaky görkeziljileri aýratyn täsir galdyrýar. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň maglumatlaryna görä, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, mülkdar hojalyklarynda iň ýokary ös...

DOWAMY
pic
26 Noý

TÜRKMENISTANYŇ WE GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ DIM-NIŇ ÝOLBAŞÇYLARY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERINI ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR

Şu gün, 26-njy noýabrda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Ministrler Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin Türkmenistana gelen Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministri Ruslan Kazakbaýew bilen gepleşikleri geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler syýasy, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlardaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ynanyşmak, özara hormat goýmak we bähb...

DOWAMY
pic
26 Noý

TÄZE ÇEPER HALYÇYLYK USSAHANASY

Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň Güýçbirleşik obasynda täze haly ussahanasynyň gurluşygy tamamlanýar. Önümçilik jaýlaryny Halajyň çeper haly kärhanasynyň buýurmagy bilen, Marynyň ýüňi gaýtadan işleýän kärhanasy we “Altyn gum” hususy kärhanasy gurdy. Meşhur el halylary dörediljek ussahana takmynan 300 inedördül metr meýdany tutýar. Bu ýerde ýüz töweregi senetçiniň döredijilik işi üçin ähli şertler döredilipdir. Halajyň çeper halyçylyk kärhanasynyň döredijilik topary bilen tanalýandygyny-da aý...

DOWAMY
pic
26 Noý

AŞGABATDA YHG-NYŇ MINISTRLER GEŇEŞINIŇ MEJLISINIŇ ÖŇÜSYRASYNDA ÝOKARY WEZIPELI ŞAHSLARYŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda türkmen tarapynyň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza-ýurtlarynyň Ýokary wezipeli şahslarynyň mejlisi geçirildi. Duşuşykda Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Berdinyýaz Mätiýew ýolbaşçylyk etdi. Çäräniň gün tertibine Ministrler Geňeşiniň 25-nji mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly meseleleri, YHG-nyň Baş sekretarynyň hasabatyna hem-de YHG-nyň seb...

DOWAMY
pic
26 Noý

BOL HASYL ALYNDY

Daşoguz welaýatynyň daýhanlary bu ýyl hem geçen ýylky ýaly, däne kösükli we ýagly ekinleriň käbir görnüşlerini taýýarlamak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirdiler. Mäşiň, noýbanyň we künjiniň iň köp öndürilýän ýeri ýurdumyzyň demirgazykda ýerleşýän welaýatynyň howa şertlerinde olary ösdürip ýetişdirmekde ýeterlik tejribe toplan S.Türkmenbaşy adyndaky we Köneürgenç etraplary. Ekin meýdanlaryndan ýygnalan hasylyň hemmesi ýöriteleşdirilen degişli barlaghanalarda hil barla...

DOWAMY
pic
26 Noý

YHG AGZA DÖWLETLERIŇ IŞEWÜRLER MASLAHATY

2021-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň mejlisler zalynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň işewürler maslahaty geçirildi. Maslahatyň işine daşary ýurtlardan 40 wekil, hususan-da YHG-nyň Söwda-senagat edarasynyň, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň, Aziýa Ösüş Bankynyň, YHG agza döwletleriň Söwda-senagat edaralarynyň, Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we Söwda biržalar birleşiginiň, Türkiýe-Pakistan Söwda-senagat edarasynyň hem-d...

DOWAMY