SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ OWGANYSTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI BILEN TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Mohammad Aşraf Gani bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň başynda Prezidentler ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar we iki dostlukly ýurduň halklaryna parahatçylyk, abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanlary hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk hem-de deňhukuklyl...
DAŞOGUZYŇ TARYHY-ÜLKÄNI ÖWRENIŞ MUZEÝI: TARYHYŇ SAHYPALARY, DÄPLERI WE ŞU GÜNI
Iýun aýynda Daşoguz welaýatynyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýiniň täze döwrebap binasynyň açylanyna on ýyl dolýar. Milli binagärlik we gurluşyk täzelikleri utgaşýan üç gatly bina Daşoguzyň binagärlik simwollarynyň birine öwrüldi. Daşoguzyň taryhy-ülkäni öwreniş muzeýi 1974-nji ýylda döredildi, täze bina arheologik we etnografik raritetleri degişli şertlerde saklamaga mümkinçilik berdi. Muzeýiň gorunda 12 müňden gowrak eksponat bar. Bu ýere gelýänler arheologik tapyndylar, gadymy egin-eşikler...
TÜRKMEN-GYRGYZ HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY IKI DÖWLETIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ GEPLEŞIKLERINIŇ BARŞYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Prezidentler Oraza baýramy mynasybetli birek-biregi gutladylar hem-de türkmen we gyrgyz halklaryna abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow kärdeşini sala-salşyklaryň üstünlikli geçirilmegi we täze Konstitusiýanyň kabul edilmegi bilen gutlap, Esasy K...
AŞGABADYŇ 140 ÝYLLYGYNA. KERAMATLY ALEKSANDR NEWSKIÝ YBADATHANASY
2021-nji ýylyň 9-njy maýynda Russiýada ady rowaýada öwrülen rus prawoslaw buthanasynyň keramtly diýip yglan eden şahsyýeti – Aleksandr Newskiniň doglan gününiň 800 ýyllygyna bagyşlanan resmi çäreler başlandy. Aşgabatda XIX asyryň ahyrlarynda Aleksandr Newskiniň adyny göterýän ybadathana gurulýar. Ol 1948-nji ýylyň ýer yranmasynda ýykylman galan juda az sanly binalaryň biri. Bu ybadat öýi hakda aşgabatly rus ýazyjysy, «Камертон» atly edebi we taryhy žurnalyň awtorlarynyň biri Nikolaý Alekse...
TÜRKMENISTANYŇ WE GAZAGYSTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERI IKITARAPLAÝYN HYZMATDAŞLYGYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARYNY ARA ALYP MASLAHATLAŞDYLAR
2021-nji ýylyň 13-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy. Döwlet Baştutanlary mähirli salamlaşyp, birek-biregi ähli musulmanlar üçin mukaddes bolan aýyň tamamlanmagy hem-de Oraza baýramy bilen gutladylar. Rehimdarlyk, ynsanperwerlik, hoşniýetlilik, päk ahlaklylyk ýaly umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň nyşany bolan bu ajaýyp baýramyň iki ýurduň we halklaryň aras...
SIAN ŞÄHERINDE “MERKEZI AZIÝA – HYTAÝ” DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ IKINJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 12-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynyň Sian şäherinde “Merkezi Aziýa – Hytaý” döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň ikinji duşuşygy geçirildi. HHR-nyň Döwlet geňeşiniň agzasy, Daşary işler ministri Wan I özüniň giriş sözünde kärdeşleri bilen mähirli salamlaşdy we ýokary derejede gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmekde hem-de ýurtlaryň arasynda köpugurly gatnaşyklary ilerletmekde bu formatyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy güýçlendirme...
GAHRYMANLYK UNUDYLMAZDYR: GENNADIÝ BABIKOWA, EDUARD ASADOWA HEM-DE WELI MUHADOWA BAGYŞLANAN HATYRA AGŞAMY
9-njy maýda faşistik Germaniýadan üstün çykylmagyna 76 ýyl doldy. Beýik Watançylyk urşy Sowet Soýuzynyň her bir raýatyna agyr düşdi. Ýurduň uludan-kiçä ähli ilaty duşman leşgerinden goraga aýaga galdy. Döredijilik işgärleri: suratkeşler, sazandalar, edebiýatçylar-da ondan çetde durmadylar. Russiýanyň Aşgabatdaky ilçihanasynda ýerleşýän “Rus öýünde” geçirilen “Gahrymanlyk unudylmazdyr” atly agşam Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan üç gerçegiň ýagty ýadygärligine bagyşlandy. Olar -ömri Türkmenist...