SOŇKY HABARLAR
ALEKSANDR ALEKSANDROWIÇ MARUŞŞENKO – ILKINJILERIŇ BIRINIŇ GEÇEN ÝOLY
Geçen asyryň ýigriminji ýyllarynda Moskwa döwlet uniwersitetinde arheolog diplomyny alan 25 ýaşly Aleksandr Maruşşenko Türkmen medeniýeti institutynyň ýaňy döredilen arheologiýa bölümine ýolbaşçylyk etmek üçin Russiýadan Aşgabada gelýär. Şondan tä ömrüniň ahyryna çenli Türkmenistanyň gadymyýetine juda belet bolan, armany-ýadamany bilmeýän bu azaphon kişi Aşgabatda ýaşapdy we işläpdi. Ol türkmen arheologiýasynyň düýbüni tutanlaryň, möhüm taryhy ýadygärlikleriň ençemesini ilkinji açanlaryň biri bo...
HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA TÜRKMEN-HYTAÝ KOMITETINIŇ HOWPSUZLYK ULGAMYNDA HYZMATDAŞLYK BOÝUNÇA KIÇI KOMITETINIŇ VII MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 24-nji iýunynda göni wideoaragatnaşyk arkaly Hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-hytaý komitetiniň howpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlyk boýunça kiçi komitetiniň VII mejlisi geçirildi. Türkmenistanyň we HHR-niň wekiliýetleri Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýewiň we Hytaýyň Daşary işler ministriniň orunbasary Le Ýuýçeniň ýolbaşçylyk etmeklerinde howpsuzlyk boýunça hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar we özara hereketleriň geljekki ugurlaryn...
«ÇÖL GÄMISI» – DÜÝE
Elbetde, düýeleriň şanyna bedewleriňki ýaly goşgy goşulyp, halk döredijiliginde olaryň waspy ýetirilmese-de, türkmenler bu jandara uly sarpa goýupdyrlar, çünki hojalykda onuň belli bahasy ýokdur. Türkmenler çöl jöwzasyna çydamly we uç-gyraksyz beýewanda gezmäge uýgunlaşan düýlerde alys ýollara gidipdirler, sebäbi düýe örküjindäki ýagynyň hasabyna köp wagtlap ot-iýmsiz, iň esasy-da suwsuz oňup bilýär. Özi hem ýük çekmekde atdyr eşekden has güýçlüdir. Arwana düýeleriň süýdi sygyr ýa-da goýun...
TÜRKMEN-ÝAPON HYZMATDAŞLYGYNYŇ ILERI TUTULÝAN UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
Şu gün, 24-nji iýunda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Ýokary gözegçilik edarasynyň başlygy Serdar Berdimuhamedowyň Ýaponiýanyň Ykdysadyýet, söwda we senagat boýunça Döwlet ministri Kiýoşi Ejima bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň barşynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň, şol sanda syýasy, söwda-ykdysady ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň, medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky özara hereketleriň derwaýys meseleleri ara alnyp maslah...
TÜRKMENISTANDA ILKINJI ÇAGALAR BAGYNYŇ DÖREÝIŞ TARYHY: KÖŞÜLI KÖRPELER
Turkmenistanda çap bolan ilkinji çagalar kitaby nämedi? Ol ol näme üçin mekdep ýaşyna ýetmedik çagala bagyşlanypdy? Bu soraglara jogap bermek üçin, tas 100 ýyl diýen ýaly yza gaýtmaly bolýarys. ... 1923-nji ýylyň tomsunda Köşi obasyna mugallymlar maşgalasy göçüp geldi. Olar kiçeňräk öýjagazy kireýne aldylar-da, okuw möwsüminiň başlanaryna taýýarlyk görüp ugradylar. Howlularda çagalaryň köplügi ýaş mugallymlarda mekdebe taýýarlyk üçin okuw toparyny döretmek islegini oýardy. Çagalar bagyny dö...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI AZIÝA-ÝUWAŞ UMMANY SEBITI ÝURTLARYNYŇ ÝOKARY DEREJELI MASLAHATYNA GATNAŞDY
2021-nji ýylyň 23-nji iýunynda “Bir guşak, bir ýol” Başlangyjyň çäklerindäki hyzmatdaşlyk boýunça Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti ýurtlarynyň ýokary derejeli maslahaty geçirildi. “Durnukly ösüşiň maksatlarynda pandemiýa garşy göreşmek babatdaky hyzmatdaşlyga ýardam bermek” atly çäre Hytaý Halk Respublikasynyň Daşary işler ministri Wan Iniň ýolbaşçylygynda geçirildi. Çärä Aziýa-Ýuwaş ummany sebiti ýurtlarynyň, Merkezi Aziýanyň ýokary derejeli resmi wekilleri, şeýle-de halkara we sebit guramalaryň we...
SANLY YKDYSADYÝETIŇ MILLI ÄHMIÝETI
Ýakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullygy akademiýasynda “Sanly dolandyryş” hünäri boýunça 2020 – 2021-nji okuw ýylynyň ilkinji uçurym toparyna magistr diplomynyň gowşurylmagyna bagyşlanan dabaraly ýygnak bolup geçdi. Bolon ulgamynyň arzyly diplomyna okuw ýylynda 12 sany ýörite we umumy okuw dersini özleşdirip, önümçilik tejribeligini geçen, döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran we saýlan temalary boýunça ylmy-barlag işini goran 13 magistrant eýe boldy. Okuw magister topa...