SOŇKY HABARLAR
CAREC -IŇ MILLI UTGAŞDYRYJYLARYNYŇ MASLAHAT BERIŞ MEJLISI GURALDY
2020-nji ýylyň 16-njy iýunynda Aziýa ösüş bankynyň “Merkezi Aziýada sebitleýin ykdysady hyzmatdaşlyk” (CAREC) maksatnamasynyň Milli utgaşdyryjylarynyň onlaýn görnüşinde maslahat beriş mejlisi geçirildi. Mejlisiň işine türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda oňa gatnaşyjylar CAREC maksatnamasynyň ykdysadyýet, söwda, energetika, syýahatçylyk, ykdysady geçelgeler ugurlarynda durmuşa geçirilen işler, şeýle hem saglygy gor...
DAŞKY GURŞAW WE HOWANYŇ ÜÝTGEMEGI BOÝUNÇA ÝB-MA IŞ TOPARYNYŇ UTGAŞDYRYJY TOPARYNYŇ BIRINJI MEJLISI GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 15-nji iýunynda Daşky gurşaw we howanyň üýtgemegi boýunça Ýewropa Birleşigi – Merkezi Aziýa iş toparynyň Utgaşdyryjy toparynyň WECOOP taslamasynyň birinji mejlisi onlaýn görnüşinde geçirildi. Mejlisiň işine Ýewropa Komissiýasynyň Daşky gurşaw meseleleri boýunça Baş müdirliginiň bölümleriniň ýolbaşçylary, Italiýanyň Daşky gurşaw, ýer we deňiz serişdeleri ministrliginiň, ÝB-niň Gazagystandaky wekilhanasynyň wekilleri, şeýle-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşky gurşaw we howanyň üýt...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DIPLOMATIK DÜZÜMINIŇ DUAÝÝENI BILEN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 30-njy dekabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistandaky diplomatik düzüminiň duaýýeni, Russiýa Federasiýasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aleksandr Blohin bilen onlaýn görnüşinde duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri Raşid Meredow hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda döwlet baştutany A.Blohini we onuň üsti bilen Türkmenistandaky diplomatik düzümini ýetip gelýän Tä...
RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇIHANASYNDA TÜRKMEN-RUS GATNAŞYKLARYNYŇ 2020-NJI ÝYL BOÝUNÇA NETIJELERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 18-nji dekabrynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Ilçihanasynda Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Blohiniň türkmen-rus gatnaşyklarynyň şu ýyl boýunça jemlerine we Türkmenistanyň Bitaraplyk derejesiniň 25 ýyllygyna bagyşlanan sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly brifingi geçirildi. Brifinge sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly milli KHBS-niň wekilleri hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen daşary ýurt žurnalistleri gatna...
TÜRKMEN-AMERIKAN SYN BERIJI DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-amerikan syýasy geňeşmeleriniň ýarymýyllyk syn beriji duşuşygy geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew hem-de ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň kömekçisiniň Merkezi Aziýa, jemgyýetçilik diplomatiýasy we metbugat işleri boýunça kömekçisi J.Henik gatnaşdylar. Synyň çäklerinde taraplar Türkmenistanyň we ABŞ-nyň özarahereketleriniň dürli ugurlary boýunça ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki...
HALKARA ENERGETIKA AGENTLIGINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN ONLAÝN GÖRNÜŞINDE DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň Merkezi edarasynda Halkara energetika agentliginiň Ýerine ýetiriji direktory Fatih Birol bilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Nebitgaz meseleleri boýunça orunbasary M.Meredowyň arasynda onlaýn görnüşinde duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Halkara energetika agentligi bilen Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň gaz, nebit we energetika sektorlarynda bilelikdäki syny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatla...
MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ DAŞARY SYÝASY EDARALARYNYŇ ÝOLBAŞÇYLARYNYŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ DAŞARY IŞLER WE HOWPSUZLYK SYÝASATY BOÝUNÇA ÝOKARY WEKILI BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY
2020-nji ýylyň 12-nji iýunynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň Ýewropa Bileleşiginiň Daşary işler we howpsuzlyk syýasaty boýunça Ýokary wekili Žozep Borrel Fontelles bilen onlaýn görnüşindäki gepleşikleri giçirildi. Duşuşygyň barşynda koronawirus ýokanjynyň täze görnüşiniň ýaýramagyna garşy göreşe gönükdirilen tagallalaryň utgaşdyrylmagy bilen bagly bolan meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ÝB-niň Merkezi Aziýa üçin Strategiýasynyň durmuşa...