SOŇKY HABARLAR
BÜTINDÜNÝÄ SAGLYGY GORAÝYŞ GURAMASYNYŇ BILERMENLERI BILEN WIDEO-MASLAHAT
2020-nji ýylyň 26-njy maýynda BMG-niň Aşgabatdaky wekilhanasynyň binasynda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebitleýin edarasynyň bilermenleri bilen dünýäde aýratyn howply ýokanç keseliň ýaýramagyny gözegçilikde saklamak boýunça BSGG-niň teklipleriniň sanly wideo aragatnaşyk arkaly tanyşdyryş iş maslahaty geçirildi. Onlaýn-duşuşyga türkmen tarapyndan Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar. Maslahatyň dowamynda Bütindünýä saglygy...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝÄNIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI
Şu gün, 2020-nji ýylyň 25-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşygy geçirildi. Gepleşikler wideokonferensiýa görnüşinde geçdi. Döwlet Baştutanlary Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň arasynda şu ýylyň 24-nji maýynda geçirilen telefon arkaly gepleşikleriň barşynda, iki ýurduň daşary syýasat edaralaryna ulag-üstaşyr we söwda-ykdysady ulgamlary boýunça gatnaşyklaryny ýygjamlaşdyr...
TÜRKMEN WE ÝEREWAN DÖWLET UNIWERSITETLERINIŇ ARASYNDA GURNALAN OKUW-USULY WIDEO LEKSIÝASYNYŇ TÄZE TEMASY – DAŞARY ÝURT DILLERINI ÖWRETMEGIŇ USULLARY
2020-nji ýylyň 22-nji maýynda «Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň arasynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky» Ylalaşygy durmuşa geçirmekde, ylym we bilim pudagynda, şeýle hem Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň 25 ýyllygy mynasybetli, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Türkologiýa kafedrasynyň uly mugallymy Naira Pogosýanyň «Ýerewan döwlet uniwersitetinde Gündogar dillerini öwretmegiň käbir aýratynlyklary» atly temasy boýunça okuw-usulyýet wideo leksi...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ BSG-NYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ADYNA IBEREN HATY BMG BAŞ ASSAMBLEÝASYNYŇ 74-NJI MEJLISINIŇ RESMINAMASY HÖKMÜNDE BEÝAN EDILDI
Türkmenistanyň Prezidentiniň Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş Direktory Tedros Adhanom Gebreýesusyň adyna ýollan haty BMG-niň Baş Assambleýasynyň 74-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde beýan edildi hem-de aýratyn maglumat hökmünde Guramanyň resmi dillerine terjime edilip ýaýradyldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň häzirki ýagdaýlardaky hereketleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň COVID-19 koronawirusynyň tutuş dünýäde ýaýramagynyň öňüni almak maksady bilen işlenip düzülen t...
DIM-IŇ BINASYNDA TÜRKMENISTANYŇ SAGLYGY GORAÝYŞ ULGAMYNDAKY HALKARA BAŞLANGYÇLARYNYŇ AMALA AŞYRYLMAGYNA BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyndaky halkara başlangyçlarynyň amala aşyrylmagyna bagyşlanan brifing geçirildi. Saglygy goraýyş ulgamynyň derwaýys meseleleri boýunça işjeň pikir alyşmalaryň ýerine öwrülen brifinge Türkmenistanyň Daşary işler, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň we beýleki ugurdaş pudak edaralarynyň, ýurdumyzda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalarynyň weki...
TÜRKMENISTANYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DIPLOMATIK ÝOKARY OKUW MEKDEPLERI HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEK BARADA GEPLEŞIKLERI GEÇIRDILER
2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen Azerbaýjan Respublikasynyň Diplomatik akademiýasy Uniwersitetiniň (ADA Uniwersitetiniň) arasynda wideoaragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar döwletleriň arasynda uzakmöhletleýin özara gatnaşyklaryň dowamynda toplanan hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine ünsi çekmek bilen, soňky ýyllarda Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasynda emele gelen döwletara gatnaşyklaryň barh...
TÜRKMENISTANDA INTELLEKTUAL EÝEÇILIGINIŇ HUKUK BINÝADYNY GIŇELTMEK MESELELERINE BAGYŞLANAN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2020-nji ýylyň 22-nji maýynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurdumyzda intellektual eýeçiliginiň hukuk binýadyny giňeltmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmak boýunça iş maslahaty geçirildi. Maslahata Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Maliýe we ykdysadyýet, Bilim, Medeniýet, Adalat ministrlikleriniň we beýleki degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. Duşuşygyň barşynda milli...