SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRILÝÄR
2019-njy ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mämmedowanyň Koreýa Respublikasyna sapary boldy. Saparynyň barşynda Mejlisiň başlygy Koreýa Respublikasynyň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşdy. 2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda KR-nyň Milli Assambleýasynyň Dostluk toparynyň Başlygy jenap Park Deçul bilen iş günortanlyk nahary geçirildi. Günortanlyk naharynyň barşynda taraplar ykdysadsyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADA «PEKIN + 25» SEBITLEÝIN SYN MASLAHATYNYŇ IŞINE GATNAŞDY
2019-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Ženewada «Pekin + 25» Sebitleýin syn maslahaty öz işine başlady, ol gender deňliginiň gazanylmagy boýunça Hereketleriň Pekin platformasynyň durmuşa geçirilmeginde gazanylan ösüşleriň gözden geçirilmegi we meseleleriň ýüze çykarylmagy üçin forum bolup durýandyr. 1995-nji ýylyň Pekin jarnamasy we Platformasy has giň gerimli «ýol görkezijisi» bolup, tutuş dünýäde aýallaryň we gyzlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir. 2020-nj...
TÜRKMENISTANYŇ SUW HOJALYGY BARADAKY DÖWLET KOMITETI BÜTINDÜNÝÄ SUW GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA KABUL EDILDI
2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherinde Bütindünýä suw geňeşiniň Dolandyryjylar geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Geçirilen geňeşiň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edildi.
NORWEGIÝADA TÜRKMEN-NORWEGIÝA SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Osloda Türkmenistanyň we Norwegiýa Patyşalygynyň daşary işler ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-norwegiýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Norwegiýanyň wekiliýetine Norwegiýanyň daşary işler ministriniň orunbasary Audun Halworsen ýolbaşçylyk etdi. Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň geljegi uly ugurlary, sebit hem-de halkara gün tertibi, şeýle hem Merkezi Aziýadaky we Owganystandaky ýagdaýlar işjeň ara alny...
TÜRKMENISTANYŇ KÄRDEŞLER ARKALAŞYKLARY WE HZG: ÝAKYN GELJEK ÜÇIN HYZMATDAŞLYGYŇ MÜMKINÇILIKLERI
Häzirki wagtda Ženewada Halkara zähmet edarasynyň Administratiw geňeşiniň 337-nji mejlisi geçirilýär, onuň barşynda institusional häsiýetli, syýasatyň kemala getirilmegi bilen bagly meselelere, şeýle hem hukuk, maliýe we administratiw meselelerine seredilýär. Halkara zähmet maslahatynyň geljekki mejlisleriniň gün tertibiniň meseleleri, şeýle hem Halkara zähmet maslahatynyň şanly 108-nji mejlisiniň jemleri boýunça geljekki amala aşyrylmaly hereketler ara alyp maslahatlaşmalaryň esasy temasy...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ AGZA-DÖWLETLERINIŇ BAŞTUTANLARYNYŇ MASLAHATYNYŇ JEMLERINE BAGYŞLANAN BRIFING GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde şu ýylyň 25-26-njy oktýabrynda Baku şäherinde geçirilen Goşulyşmazlyk Hereketiniň 18-nji Maslahatynyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi. Brifinge daşary ýurtlaryň we halkara guramalarynyň Türkmenistanda işleýan wekilhanalarynyň ýolbaçylary we işgärleri, ýurdumyzda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň hem-de ýurdumyzyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň barşynda Türkmenistany...
TÜRKMENISTAN ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ MEDENIÝETI WE DÄP DESSURLARY BILEN TANYŞAR
Ermenistan Respublikasynyň Bilim, ylym, medeniýet, we sport ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekilýeti dostlukly döwletiň medeniýet günlerini geçirmek üçin 5-7-nji noýabrynda Türkmenistanda saparda bolarlar. Meýilleşdirilen çäreleriň çäklerinde – amaly-haşam eserleriniň we şekillendiriş sungatynyň sergisi, Türkmenistanyň Çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary hem-de Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň okuwçylary bilen Ermenistanyň Terýan medeniýet merkeziniň hü...