SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ ILÇISINIŇ RIM PAPASYNA YNANÇ HATLARYNY GOWŞURMAGY
2018-nji ýylyň 13-nji dekabrynda Watikandaky Mukaddes Pýotryň Ybadathanasynda Türkmenistanyň Mukaddes Tagtdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Atageldi Haljanow (ýerleşýän ýeri Ženewa ş.) Watikanyň Baştutany Onuň Merhemetlisi Rim Papasy Fransiska öz ynanç hatlaryny gowşurdy. Gysga gürrüňdeşligiň barşynda Türkmen Ilçisi Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Rim Papasy Fransiskiň adyna ýollan salamlaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE UKRAINANYŇ WEKILIÝETI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 12-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde, Aşgabada iş sapary bilen gelen Ukrainanyň Daşary işler ministriniň geňeşçisi Wiktor Anatolýewiç Maýkonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ukrain wekiliýetiniň ýolbaşçysy türkmen tarapyny Halkara Bitaraplyk gününi bellemegi bilen gyzgyn gutlady. Türkmen tarapy öz gezeginde hormatly geňeşçä baýramçylygy bellemek bilen bagly geçirilýän çärelere gatnaşýanlygy üçin minnetdarlygyny bil...
HALKARA BITARAPLYK GÜNÜNE BAGYŞLANAN HALKARA YLMY MASLAHATYNYŇ AÇYLYŞ DABARASY BOLDY
2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda Halkara Bitaraplyk gününe bagyşlanan «Beýik Ýüpek ýolunyň mirasy we häzirki zaman halkara gatnaşyklary» atly halkara ylmy maslahaty we serginiň açylyş dabarasy boldy. Maslahata Mejlisiň deputatlary, ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, ýurtda işleýän diplomatik missiýalarynyň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň baştutanlary...
ABŞ-NYŇ OWGANYSTAN BOÝUNÇA ÝÖRITE WEKILI BILEN DUŞUŞYK
2018-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekili j-p Zalmaý Halilzadyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň başynda Türkmenistanyň we Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek işinde oňyn netijeleri belläp, taraplar olary geljekde diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmeklikde gyzyklanma bildirdiler. Owganystanyň daşyndaky syýasy ýagdaýyň...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE BMG-NIŇ NEŞE SERIŞDELERINE WE JENAÝATLARA GARŞY MÜDÜRIÝETINIŇ WEKILLERI BILEN DUŞUŞYK GURALDY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler minisrliginde Aşgabada iş sapary bilen gelen BMG-niň neşe serişdelerine we jenaýatlara garşy müdüriýetiniň Merkezi Aziýa boýunça sebit ýolbaşçysy hanym Aşita Mittalyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk gurnaldy. Duşuşygyň başynda türkmen tarapy BMG-niň neşelere we jenaýatalara garşy göreşmek müdüriýetiniň sebit ýolbaşçysyna, Bitaraplygyň halkara gününe bagyşlanyp geçirilýän çärelere gatnaşmaklyga çakylygy kabul edendigi we BM...
ERMENISTAN RESPUBLIKASYNYŇ ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Garnik Aleksandrowiç Badalýan bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda Ermenistanyň Ilçisi ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Ilçini täze bellenen jogapkärli wezipesi bilen gutlap, türkmen tarapy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde bilelikde hereket etmäge we goldaw bermäge taýýardygyny bildirdi. Gepleşikleri...
MÜSÜR ARAP RESPUBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNYŇ NUSGALARYNY GOWŞURDY
2018-nji ýylyň 10-njy dekabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Aşgabat şäherine ynanç hatlaryny gowşurmak üçin gelen Müsür Arap Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (ýerleşýän ýeri Moskwa ş.) jenap Ihab Ahmet Nasr bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň başynda taraplar özleriniň ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmäge ygrarlylygyny beýan etdiler. Iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmek we ikitaraplaýyn syýasy, ykdysady we medeni hyzmatda...