SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETI ŽENEWADA “DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNA ÝETMEK ÜÇIN SPORTDA MAÝA GOÝMAK” ATLY MEJLISŇ IŞINE GATNAŞDYLAR
2018-nji ýylyň 23-nji oktýabrynda BMG-niň Ženewadaky ştab-kwartirasynda BMG-niň Söwda we ösüş boýunça mejlisiniň Bütindünýä maýa goýum hepdesiniň forumynyň çäklerindäki “Durnukly ösüşe maýa goýmak” ady bilen geçýän, BMG-niň Söwda we ösüş boýunça mejlisi, Halkara Olimpiýa komiteti bilen birlikde “DÖM-na ýetmek üçin sportda maýa goýmak” atly mejlisi gurnaldy. Mejlise BMG-niň Ženewadaky bölüminiň Baş direktory Maýkl Möller, Halkara Olimpiýa komitetiniň wise-prezidenti Huan Antonio Samaranç, bell...
TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ WEKILIÝETINIŇ RUMYNIÝA IŞ SAPARY
2018-nji ýylyň 22-24-nji oktýabry aralygynda Rumyniýanyň Parlamentiniň Deputatlar Palatasynyň deputaty, türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň ýolbaşçysy Istwan-Ýanoş Antalanyň çakylygy esasynda, türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň agzalary bolan Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Rumyniýada iş saparynda boldy. Saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti Rumyniýanyň Parlamentiniň türkmen-rumyn parlamentara dostluk toparynyň agzalary, deputatlar bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň ba...
TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ÝAPONIÝA IŞ SAPARY BOLDY
2018-nji ýylyň 22–23-nji oktýabrynda Türkmenistanyň wekiliýeti Ýaponiýanyň paýtagty Tokio şäherinde iş sapary bilen boldy. Saparyň çäklerinde Türkmen wekiliýeti Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-ýapon komitetiniň ýolbaşçylary we agzalary bilen duşuşyk geçirdi. Saparyň barşynda Türkmenistanyň wekiliýetini Ýaponiýanyň Premýer-ministri jenap Sindzo Abe kabul etdi. Şunuň ýaly-da, DIM-ara we parlamentara, energetika, transport hem-de söwda-ykdysady toplumlarynyň ýolbaşçylary bilen hem ikit...
TÜRKMENISTANYŇ RUSSIÝA FEDERASIÝASYNDAKY MEDENIÝET GÜNLERI
2018-nji ýylyň 22-nji oktýabrynda Moskwa şäherindäki Lýudmila Rýumina adyndaky medeni folklor merkezinde bu gezek ugry Moskwa we Sankt-Peterburga uzap gidýän Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Medeniýet günleriniň açylyş dabarasy uly gala konsert bilen başlandy. Açylyş dabara Russiýanyň medeniýet edaralarynyň jogapkär işgärleri, Moskwada akkreditirlenen daşary ýurtly diplomatlar, iki ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, KHBS wekilleri, ylym we...
“SYÝASAT WE JEMGYÝET” ATLY ÝYLLYK NEŞIRIŇ — ŽURNALYŇ TÄZE SANY
Ýurdumyzyň Baş arhiw müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiw gaznasy tarapyndan taýýarlanylýan 2017-nji ýyl üçin «Syýasat we jemgyýet» atly ylmy-amaly žurnalyň nobatdaky, 5-nji sany çapdan çykdy. Ýyllyk žurnalyň sahypalarynda içerki giň möçberli özgertmeler, halkara gatnaşyklar jähetinde Türkmenistanyň durmuşynda bolup geçen öten ýylyň has ähmiýetli wakalary hakynda söhbet açýan makalalar ýerleşdirilipdir. Şeýlelikde, 2017-nji ýylyň 12-nji fewralynda — ýurdumyzda “Sagdynlygyň we...
TÜRKMENISTANYŇ DIM-NIŇ WEKILÝETINI ÖZBEK LIDERI KABUL ETDI
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 19-njy oktýabrda geçirilen mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Reşit Meredowyň habar berşi ýaly, Türkmenistanyň wekilýeti 16-njy oktýabrda Özbegistan Respublikasynda iş saparynda boldy, saparyň dowamynda Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşyk geçirildi. Özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny iberip, goňşy ýurduň Türkmenistan bilen däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklaryna ygrarlydygyny tassyklady. Şunda özb...
TÜRKMENISTANYŇ WE TÜRKIÝE RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI
2018-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-türk konsullyk geňeşmelerine gatnaşmak maksady bilen türkmen paýtagtyna gelen Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministrliginiň Konsullyk işleri boýunça baş müdirliginiň başlygy j-p Mehmet Samsaryň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň oňyn ösüşini belläp, taraplar iki döwletiň konsullyk gulluklarynyň ugry boýunça özaragatnaşyklary ösdürmegi...