SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTANYŇ DIM-DE TÜRKMEN-FRANSUZ SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde türkmen-fransuz syýasy geňeşmeleri geçirildi. Türkmen tarapyndan gepleşiklere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow ýolbaşçylyk etdi. Fransuz tarapynyň wekiliýetine Aşgabada iş sapary bilen gelen Fransuz Respublikasynyň Ýewropa we daşary işler ministrliginiň Döwlet sekretary jenap Žan-Batist Lemuan ýolbaşçylyk etdi. Duşuşygyň başynda taraplar birek-biregi mähirli g...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ DAŞARY SYÝASAT UGRUNA BAGYŞLANAN BRIFING
2019-njy ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasat ugruna bagyşlanan brifing geçirildi, oňa milli hem-de Türkmenistanda akkreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar. Brifingiň barşynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň wekilleri çykyş etdiler, olar birfinge gatnaşyjylara Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan durmuşa geçirilýän daşary syýasat ugry, dü...
KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY BILEN GELÝÄR
2019-njy ýylyň 16-18-nji aprelinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže Iniň Türkmenistana döwlet sapary bilen gelmegi meýilleşdirilýär. Saparyň çäklerinde Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň Liderleriniň arasynda ýokary derejedäki duşuşyklar geçiriler.
Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy talyplaryň arasynda sport bäsleşigini gurnady
2019-njy ýylyň 13-nji aprelinde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan ýurdumyzda bellenilýän “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” atly köpçülikleýin bedenterbiýe-sport we sagdyn jemgyýetçilik-medeni çäreleriň biraýlygyna, şeýle hem 2019-njy ýyl «Türkmenistan ‒ rowaçlygyň Watany» ýylyna bagyşlap, Ermenistanda okaýan türkmen talyplarynyň arasynda bouling, bilýard we stoluň üstünde oýnalýan tennis boýunça bäsleşik gurnaldy. Toparlaryň arasyndaky ýaryşlar Ýerewan şäherinde ýerleşýä...
TÜRKMENISTANYŇ FRANSUZ RESPUBLIKASYNDAKY ILÇISI YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY
2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň Fransuz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Şöhrat Jumaýew Fransuz Respublikasynyň Prezidenti jenap Emmanuel Makrona Türkmenistanyň Fransuz Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi hökmünde (oturýan ýeri Pariž şäheri) ynanç hatlaryny gowşurdy.
PEKINDE BIRINJI HAZAR YKDYSADY FORUMYNA BAGYŞLANAN TEGELEK STOL GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 12-nji aprelinde Türkmenistanyň HHR-ki Ilçihanasynyň binasynda Hytaýyň öňdebaryjy işewürler toparlarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda Awazada geçiriljek birinji Hazar ykdysady forumyna (HYF) bagyşlanan tegelek stol hem-de Türkmenistanyň maýa goýum mümkinçilikleriniň tanyşdyrylyş çäresi geçirildi. Geçirilen çäräniň barşynda oňa gatnaşan HHR-iň kompaniýalarynyň wekillerine Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyçlary, biziň ýurdumyzyň halkara işlerine, aýratyn hem sebitleýin we sebit...
AŞGHABATDA SUW MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-OWGAN UTGAŞDYRYJY TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI
2019-njy ýylyň 11-12-nji aprelinde Aşgabat şäheriniň “Arçabil” myhmanhanasynda Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasyndaky suw-hojalyk meseleleri boýunça Utgaşdyryjy toparyň üçünji mejlisi geçdirildi. Öňki duşuşyklaryň ikisi Aşgabat şäherinde we Kabul şäherinde üstünlikli geçirildi. Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň arasynda serhetýaka suw hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegi we berkidilmegi boýunça meseleleriň giň toplumyna seretmek hem-de ara alyp maslahatlaşma...