RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
9 Sen

Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi

2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň we Malaýziýanyň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow, malaý tarapyna – Malaýziýanyň Daşary işler ministrliginiň Baş sekretarynyň orunbasary Dato Ahmad Rozian bin Abd Gani ýolbaşçylyk etdi. Geňeşmeleriň barşynda iki ýurduň diplomatlary köptaraplaýyn we syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,...

DOWAMY
pic
9 Sen

«Suwulgan» – hemişelik sahna tymsaly

A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda Aleksandr Wolodiniň eseri esasynda «Suwulgan» atly sahna oýnunyň ilkinji görkezilişi boldy. Sahna oýnuna tomaşa etmäge gelenlerden teatryň zaly hyryn-dykyn doldy. «Suwulgan» spektaklynyň esasy temalary watanperwerlik, diplomatiýanyň başlangyjy, aňtawçylyk, söýgi we gaýry medeniýeti öwrenmek bolup durýar. Suwulgan atly ýaş gyz hile bilen şol döwürdäki iň güýçli ýaraglary – ýaýdyr oklary bolan taýpanyň içine aralaşýar. Onuň wezipesi ýaý we ok ýasam...

DOWAMY
pic
9 Sen

Türkmenistanyň Prezidenti Täjigistan Respublikasynyň Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona we ýurduň ähli doganlyk halkyna Täjigistan Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. “Garaşsyzlyk ýyllarynyň dowamynda Täjigistan Respublikasy döwlet gurluşyny berkitmekde, halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmakda we ýurduň halkara giňişlikdäki abraýyny ýokarlandyrmakda uly üstünlikleri gazandy. Türkmenistan Täjigistan bilen hoşniýetli goňşu...

DOWAMY
pic
9 Sen

Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi. Dabaraly çärä türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy. Sport ýaryşlarynyň açylyş dabarasynyň geçiriljek ýerinde türkmen halkynyň Milli Liderini Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti mähirli garşylady. Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň resmi banneriniň öňünde surata düşmek dabarasyndan soňra, Türkmenistanyň Halk Maslahaty...

DOWAMY
pic
9 Sen

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary

2024-nji ýylyň 8-nji sentýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Kasym-Žomart Tokaýewiň çakylygy boýunça Çarwadarlaryň V bütindünýä oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin Gazagystan Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Astananyň Nursultan Nazarbaýew adyndaky Halkara howa menzilinde Hormat garawuly nyzama düzüldi, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamed...

DOWAMY
pic
9 Sen

BMG-niň Baş Assambleýasynyň «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasy kabul edildi

2024-nji ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 107-nji plenar mejlisiniň dowamynda Türkmenistanyň we Hindistanyň başlangyjy bilen gün tertibiniň «Sport ösüşiň we parahatçylygyň hatyrasyna: sport we olimpiýa asylly ýörelgeleri arkaly parahatçylygy berkitmek we has bagtyýar durmuşy gurmak» atly 11-nji bendiniň esasynda hödürlenen «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamasyna seredildi we kabul edildi. Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik w...

DOWAMY
pic
6 Sen

Türkmen wekiliýetiniň Helsinki şäherine amala aşyran sapary hakynda

2024-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda Helsinki şäheriniň EastCham Finland binasynda «Finnish Water Forum», «Watermaster», «Wärtsilä», «Agronic Oy», «Reorbit»,  Fin Meteorologiýa instituty ýaly öňdebaryjy maliýe kompaniýalarynyň gatnaşmagynda tegelek stol geçirildi. Çärede türkmen tarapyna Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, fin tarapyna «EastCham Finland» kompaniýasynyň Baş direktory hanym Ýaana Rekolainen ýolbaşçylyk etdi. Öz çykyşynda türkmen wekiliýeti fin kom...

DOWAMY