SOŇKY HABARLAR
ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýörite geňeşçisi bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Döwlet departamentiniň Mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň halkara hukuklary boýunça ýörite geňeşçisi Sara Minkaranyň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň barşynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň wekiliýeti maýyplaryň hukuklaryny goramak ugrundaky milli ulgam we kanunçylyk, şeýle hem ýurtda mümkinçilikleri çäklendirilen adamlaryň hukuklaryny durmuşa ge...
Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy geçirilýär
2024-nji ýylyň 10-njy sentýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň maýa goýum forumy (TIF 2024) açyldy. Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleri, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan gurnalan giň möçberli forumyň iki gününde ýurtda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de ösdürmek bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşylýar. Forumyň işine dünýäniň abraýly bilermenleri, öňdebaryjy milli we halkara nebitg...
Türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň «TIF-2024» halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş boýunça direktory Sara Kuper bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça...
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutanyny gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Döwlet işleri boýunça Başlygy Kim Çen Yna Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň döredilen güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwlet Baştutanymyz mümkinçilikden peýdalanyp, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň Baştutany Kim Çen Yna tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ýurduň ähli halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk, gülläp ösüş arzuw etdi.
Türkmenistanyň aýdym-saz topary Özbegistanda «Şark taronalari» festiwalynda birinji orun eýeledi
Samarkantda «Şark taronalari» («Gündogar mukamlary») atly XIII Halkara festiwaly dabaraly tamamlandy. Onda birinji orun eýelän Türkmenistanyň milli aýdym-saz toparynyň ýeňiş gazanmagy festiwalyň netijeleriniň garaşylmadyk ýakymly sowgady boldy. Toparyň düzüminde ajaýyp sungat ussatlary toparyň aýdymçysy, Türkmenistanyň halk artisti Suhan Orazberdiýew, Türkmenistanyň halk artisti, depçi Hakberdi Allamyradow, dutarçy Döwlet Daňatarow, şeýle hem Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatori...
Türkmen-britan hyzmatdaşlygynyň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy
2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň «TIF-2024» halkara maýa goýum forumyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş ministrliginiň Sebitleýin ösüş boýunça direktory Sara Kuper bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça...
Aşgabatda Malaýziýanyň Daşary işler ministri bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 9-njy sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Daşary işler ministri Raşid Meredow Malaýziýanyň Daşary işler ministri Dato Seri Utama Hajy Mohamad bin Hajy Hasanyň ýolbaşçylygyndaky Malaýziýanyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirdi. Duşuşygyň barşynda taraplar birek-birege hormat goýmak we özara bähbitleri nazara almak ýörelgelerine esaslanýan köpýyllyk hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny has-da işjeňleşdirmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara düzümleriniň, hususan-da BMG-niň, YHG-...