SOŇKY HABARLAR
«Kamerata Aşgabat» aýdym-saz topary Ermenistanyň «Ertiriňiz haýyrly bolsun» atly gepleşiginiň myhmany boldy
?Kamerata Aşgabat» aýdym-saz topary Ermenistanyň jemgyýetçilik telewideniýesi tarapyndan ýaýlyma berilýän «Ertiriňiz haýyrly bolsun» atly gepleşigiň myhmany boldy. Gepleşigiň dowamynda «Kamerata Aşgabat» topary ermeni teleýaýlymynyň tomaşaçylary üçin türkmen kompozitory Nury Halmämedowyň «Hüwdi» eserini hödürledi. Ony toparyň sazandalary Bahram Dolyýew, Akmyrat Kurbanow, Kakageldi Hojalekow we Tahyr Ataýew dagy ýerine ýetirdi. Şeýle-de gepleşigiň dowamynda Tahyr Ataýew türkmen edebiýatyny...
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti bilen duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 14-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň wise-prezidenti Mark Boumanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Gepleşiklerde Türkmenistanyň maýa goýum özüne çekijiligini gowulandyrmak maksady bilen hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary, halkara hyzmatdaşlygy we ÝTÖB bilen bilelikde öňdebaryjy tejribäni hem-de innowasiýa tehnologiýalaryny ulanmak arkaly täze taslamalary iş ýüzünde durmuşa geçirmek meselesi ara alnyp masl...
Türkmen wekiliýetiň Matenadarana baryp görmegi
Gündogaryň görnükli şahyry we filosofy Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan Halkara ylmy-usulyýet maslahatyna, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan türkmen klassyky aýdymlarynyň we sazlarynyň konsertine gatnaşmak üçin Ermenistan Respublikasyna gelen türkmen wekiliýeti saparyň çäklerinde Mesrop Maştos adyndaky gadymy golýazmalar institutyna – Matenadarana baryp gördi. Muzeýde 17 müňden gowrak golýazmalar we 100 müňden gowrak gadymy resminamal...
Türkmenistanyň DIM-de Ispaniýanyň Ilçisi bilen duşuşyk barada
Ispaniýanyň işewür toparlarynyň wekiliýetiniň biziň ýurdumyza iş saparynyň çäginde 2024-nji ýylyň 13-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Ispaniýanyň Türkmenistanda Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (Moskwa ş. oturýan ýeri) Markos Gomes Martineziň arasynda duşuşyk geçirildi. Duşuşykda diplomatlar ikitaraplaýyn gün tertibindäki häzirki meseleleri, hukuk binýady giňeltmek, şeýle hem ýokary derejeli aragatnaşyklary we medeni we ynsanperwer hä...
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň TDG-niň Aksakgallar geňeşiniň başlygy bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 12-nji martynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyrym bilen duşuşdy, duşuşygyň dowamynda geňeşiniň mejlisiniň jemleri jemlenildi, guramanyň geljekki işleriniň, şeýle hem iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmegiň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlise gatnaşyjylaryň adyndan Aksakgallar geňeşiniň Başlygy B.Ýyldyrym nobatdaky forumyň ýo...
В Ашхабаде состоялось Заседание Совета старейшин ОТГ
12 марта 2024 года в Ашхабаде состоялось 15-е заседание Совета старейшин Организации тюркских государств, прошедшее под председательством Национального Лидера туркменского народа, Председателя Халк Маслахаты Туркменистана, члена Совета старейшин ОТГ Гурбангулы Бердымухамедова. В начале встречи Аркадаг поздравил участников заседания с наступлением священного месяца Ораза и поблагодарил за поддержку предложения Туркменистана о проведении в Ашхабаде очередного заседания Совета старейшин ОТГ. При...
Ýerewan şäherinde türkmen klassyky sazy uly täsir galdyrdy
2024-nji ýylyň 12-nji martynda Ermenistanyň Döwlet filаrmoniýasynyň Arno Babajanýan adyndaky konsertler zalynda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Konserte Ermenistanda akkreditirlenen daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň we konsullyk edaralarynyň, halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Ermenistanyň medeniýet, bilim, sport we sungat wekilleri gatnaşdylar. Konserti açmak üçin...