RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
29 Awg

Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri bilen duşuşyk geçirildi

2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda Tährana amala aşyran iş saparynyň çäginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasynyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi bilen duşuşdy. Aýatolla Seýed Ali Hoseýni Hameneýi türkmen halkynyň Milli Liderini mähirli mübärekläp, Türkmenistan bilen Eýranyň arasynda dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýan, köp asyrlardan bäri...

DOWAMY
pic
29 Awg

Magtymguly Pyragynyň we gadymy Änewiň şöhraty dünýä ýaň salýar

Ýakynda Türkiýe Respublikasynda Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndylary türk dilinde neşire taýýarlanyldy. Munuň özi medeni-ynsanperwer ulgamda netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlarynyň häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsidir. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary astynda geçýän şu ýylda ýurdumyzyň ähli künj...

DOWAMY
pic
29 Awg

Türkmen-eýran gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylýar

2024-nji ýylyň 28-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Eýran Yslam Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Tähranyň «Mehrabad» Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygyny EYR-nyň ýokary wezipeli resmi adamlary garşyladylar. Soňra türkmen halkynyň Milli Lideri bilen Eýranyň Ýol we şäher ösüşi ministri Farzane Sadeg Malwajerdiniň söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar ynanyşmak we birek-birege hormat...

DOWAMY
pic
29 Awg

Türkmenistanly sazandalar Özbegistanda geçirilýän «Şark taronalari» festiwalyna gatnaşýarlar

26-njy awgustda Samarkantda «Şark taronalari» («Gündogaryň mukamlary») atly XIII Halkara festiwaly dabaraly açyldy. OL Merkezi Aziýanyň iri festiwallarynyň biri bolup, ÝUNESKO-nyň howandarlygynda geçýär hem-de öz meýdançasynda dünýäniň 70-den gowrak ýurtlaryndan ussatlary bir ýere jemledi. Açylyş dabarasyna ÝUNESKO-dan, TÜRKSOÝ-dan, Türki medeniýeti we mirasy gaznasyndan, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan hem-de beýleki guramalardan hormatly myhmanlar gatnaşdylar. Özbegistanyň Prezidenti...

DOWAMY
pic
28 Awg

Mejlisiň Başlygy Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisini kabul etdi

2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa Mawrikiý Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Moskwa ş.) Heswar Jankeden ynanç hatyny kabul etdi. Mejlisiň Başlygy Ilçini ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlap, türkmen-mawrikiý gatnaşyklary ösdürmek bilen bagly işinde üstünlikleri arzuw etdi. Ilçi Heswar Janke türkmen topragynda mähirli kabul edilendigi üçin hoşallyk bildirip, Mawrikiý Respublikasynyň Prezidenti Pri...

DOWAMY
pic
28 Awg

Mejlisiň Başlygynyň Somali Federatiw Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşygy barada

2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowanyň Somali Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Ankara ş.) Fathudin Ali Mohamed bilen duşuşygy geçirildi. Ilçi özüniň ynanç hatyny türkmen tarapyna gowşurdy. Mejlisiň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan Ilçini jogapkärli wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Ilçi Fathudin Ali Mohamed Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Somaliniň ýokary derejeli ýolbaşç...

DOWAMY
pic
28 Awg

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi barada

2024-nji ýylyň 27-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Taraplar Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky döwletara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ö...

DOWAMY