SOŇKY HABARLAR
V Aziada oýunlaryna gatnaşyjylar Aşgabada gelýärler
Şu günler dabaraly açylyşy 17-nji sentýabrda boljak Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin müňlerçe daşary ýurtly myhmanlar ak mermere beslenen paýtagtymyza gelýärler. Merkezi Aziýada ilkinji gezek geçirilýän bu iri halkara ýaryşyna taýýarlyk boýunça geçirilýän giň gerimli çäreler dünýäniň sport jemgyýetçiliginiň wekilleriniň, Ýer ýüzüniň ähli künjeklerinden gelýän tomaşaçylaryň we janköýerleriň ünsüni özüne çekýär. Aşgabat Aziadanyň ruhy bilen ýaşaýar. Bü...
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ KITAPLARY –HALKARA NEŞIR BÄSLEŞIGINIŇ ÝEŇIJILERI
Otuzynjy Moskwa halkara kitap sergi-ýarmarkasynyň çäklerinde GDA döwletleriniň “Kitap sungaty” halkara bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Türkmenistan tarapyndan bäsleşige hödürlenilen kitaplaryň dördüsi hem ýokary baýraklara mynasyp boldy. Şu ýyl “Kitap sungaty” bäsleşiginiň baýraklary ugrunda on ugur boýunça 87 neşir bäsleşdi. Türkmen neşirýatçylary eýýäm birnäçe gezek ýeňiji bolupdylar we aýry-aýry ugurlarda baýrakly orunlary eýeläpdiler. Emma ýurdumyzyň döwlet neşirý...
V AZIÝA OÝUNLARYNYŇ POÇTA MARKALARYNYŇ TOPLUMY TÜRGENLER WE JANKÖÝERLER ÜÇIN ÝADYGÄRLIK BOLAR
Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrligi biziň ýurdumyzyň taryhyna uly ähmiýetli waka bolan Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň hormatyna poçta markalarynyň iki tapgyryny çykardy. Olaryň birinde Aziadanyň maksatnamasyna girizilen sportuň ähli görnüşlerini dabaralandyrýan Wepaly alabaýyň keşbi, beýlekisinde bolsa olaryň piktogrammalary şekillendirilendir. Olar bilelikde Oýunlaryň nyşanlary hakynda uly bolmadyk beýanat bolup durýarlar. Poçta markalarynyň Baýdak, Tugra, S...
Nebitgaz senagaty – milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir
Nebitgaz senagaty milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biridir. Türkmenistan tebigy gazyň tassyklanylan gorlarynyň möçberi boýunça dünýäde dördünji orny eýeleýär we häzirki wagtda Merkezi Aziýa sebitinde “mawy ýangyjy” iberýän esasy döwletleriň hataryna girýär. Özüniň geosyýasy taýadan amatly ýerleşýändigi hem-de uglewodorod serişdelerine örän baýdygy netijesinde, ýurdumyz ýewropa we aziýa bazarlaryny hem öz içine alýan dürli ugurlar boýunça gazy eksport etmegi artdyrmak üçin ägirt uly müm...
Bosgunlaryň ýygyndy toparyna dünýä rekordsmeni ýolbaşçylyk eder
Bosgunlaryň ýygyndy toparynyň “Aşgabat 2017” oýunlaryň ýeňil atletika ýapyk sport meýdançasynda çykyş etjek düzümi kesgitlenildi. Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek boýunça Ýerine ýetiriji komitetde habar bermeklerine görä bu toparyň ýolbaşçysy marafon aralyga ylgamak boýunça Keniýadan meşhur türgen Tegla Lorupedir. Toparyň düzümi Tegla Lorupe tarapyndan Naýrobide esaslandyrylan “Parahatçylyk gaznasynyň” howandarlygynda guralan saýlama ýaşlaryň j...
Türkmen tebigaty özboluşly gözelligi bilen haýran edýär
Ulydepe gaýasynyň günbatar çetindäki Sekizýap we Germap jülgelerinden Şarlawuk derýajygyndan Arçabiljik we Gökderejik aryklarynyň aşak ýerleri syýahatçylyk edilýän ýerleridir. Olar gezende syýahatçylaryň halaýan ýerleridir, çünki o taýda işjeň durmuş ýörelgesine höweseklere ýaraýjak zatlaryň ählisi—kiçeňräk depelerdir barmasy kyn gaýalar, dag depesinidäki tekizliklerdir daşa öwrülen derýa hanalary, aryklardyr olaryň kenarlarynyň salkyn howasy bar. Dag eteginiň jana şypa berýän ýerlerinde Çagalar...
Türkmen dokmasynyň bäsdeşlige ukyplylygy – ýokary hil we ekologiýa derejesi
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köp pudakly senagaty sazlaşykly ösdürmek, onuň bäsdeşlige ukyplylygynyň ýokary derejesini üpjün etmek, ýurdumyzyň önüm öndürijileriniň harytlarynyň, şol sanda türkmen dokma önümleriniň dünýä bazaryndaky ornuny pugtalandyrmak boýunça wezipeleriň çalt çözülmeginiň wajypdygyna ünsi çekip, Türkmenistany çig mal iberýän ýurtdan taýýar önümleri köp möçberde öndürýän hem-de daşary ýurtlara iberýän döwlete öwürmek boýunça strategiki maksada ýetmekde bu pu...