SOŇKY HABARLAR
Aziada-2017-niň ulag üpjünçiliginiň maksatnamasy durmuşa geçirilýär
Türkmenistanyň paýtagtynda iri halkara ýaryşlaryň — Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň açylmagyna sanlyja gün galdy. Bu oýunlary geçirmek boýunça dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlykda giň möçberli taýýarlyk işleri, şol sanda oýunlaryň myhmanlaryny we gatnaşyjylary ýokary derejede awtoulag serişdeleri we hyzmatlar bilen üpjün etmek boýunça taýýarlyk çäreleri alnyp barylýar. “Aşgabat 2017” oýunlaryna hyzmat etmek üçin daşary ýurtlaryň iň gowy önüm önd...
AŞGABAT 2017 BOÝUNÇA SANLY MAGLUMATLAR
Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary 16-njy sentýabrda badalga alar. Ýaryşyň birinji gününde Oýunlaryň medal gowşurylyş dabaralarynyň ilkinjileri (türkmen milli göreşi we jiu-jitsu boýunça) we ertesi güni, ýagny 17-nji sentýabrda Oýunlaryň açylyş dabarasy geçiriler. Yklymda geçirilýän iň uly sport çäreleriň biri bolan Aşgabat 2017 barada maglumat taýýarlananda, gurluşyk we infrastruktura, iýmit üpjünçiligi, Aziýada we Okeaniýadan geljek türgenleri ýerleşdirmek boýunça gör...
Türkmenistan BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna gatnaşmaga taýýarlanýar
8-nji sentýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatyna taýýarlyk görlişi barada hasabat berdi. Wise-premýer, DIM-niň ýolbaşçysy bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berip, Nýu-Ýorkda Milletler Bileleşiginiň nobatdaky forumynda ýurdumyzyň beýan etjek ileri tutulýan ugurlary barada giňişleýin aýtdy. Öňde boljak çäreleriň barşynda ählumumy parahatçylygyň, howpsuzlygyň we d...
TÜRKMENISTANYŇ ÝARAGSYZLANMAK WE HOWPSUZLYK MESELELERI BOÝUNÇA SYÝASATY
Türkmenistanyň daşary syýasy ideologiýasynyň özeni ählumumy howpsuzlygyň berk we uzakmöhletleýin ulgamyny döretmekde harby däl, syýasy-diplomatik gurallar bilen hemmetaraplaýyn ýardam bermek bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan işlenilip taýýarlanylan howpsuzlyk düşünjesiniň bölünmezligi konsepsiýasy, häzirki zaman syýasy ylmyna uly goşant bolmagy bilen, şu günki gün Türkmenistanyň daşary syýasy strategiýasyny durmuşa geçirmekde amaly esasy bolup çykyş edýär. Şu ýerde biziň ýurd...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow: sport jemgyýeti jebisleşdirýän, adamlary beýik üstünliklere ruhlandyrýan güýçdür
Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň 2017-nji ýylda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmek hakyndaky taryhy çözgüdi Garaşsyz Watanymyzyň sport älemindäki abraýynyň has ýokary derejelere galýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow oýunlaryň açylmagyna on gün galmagy mynasybetli şu gün geçirilen dabarada eden çykyşynda belledi. Sport jemgyýeti jebisleşdirýän, adamlary beýik üstünliklere ruhlandyrýan güýçdür di...
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow V Aziýa oýunlarynyň taryhy ähmiýetini belledi
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow “Aşgabat 2017” oýunlaryna on gün galmagy mynasybetli geçirilen dabaralara gatnaşdy. Irden döwlet Baştutanymyz Olimpiýa şäherçesine, “Sport” myhmanhanasyna geldi. Bu ýere Mejlisiň başlygy, hökümet agzalary, harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, giň sport jemgyýetçiligiň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we köpsanly myhmanlar ýygnandylar. Bu ýerde teleköpri gu...
Olumuiwa Benard Aliu IKAO-nyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlyk etmäge gyzyklanýandygy tassyklady
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halkara raýat awiasiýasy guramasynyň geňeşiniň prezidenti jenap Olumuiwa Benard Aliuny kabul etdi. Myhman raýat awiasiýasy babatda iri möçberli özgertmelere ýokary baha berip, dünýäniň awiasiýa döwletleriniň hatarynda häzir Türkmenistanyň öňdäki orunlary mynasyp eýeleýändigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow soňky ýyllarda ýurdumyzyň ulag ulgamyny döwrebaplaşdyrmak meselelerine, şol sanda içerki hem-de halkara...