BÄŞIM NURALY ADYNDAKY ÇEPERÇILIK MEKDEBINDE TANYMAL ZENANLARYŇ 10-SY BARADA TEMATIKI DIWARÇA DÖREDILDI

photo

Başim Nuraly adyndaky çeperçilik mekdebiniň işgärleri Halkara zenanlar gününe bagyşlap ýurduň taryhynda yz galdyran ajaýyp zenan ildeşlerimize bagyşlanan maglumat diwarçasyny döredipdirler.

Bu çäräni şu mekdebiň mugallymy Lýudmila Ulakina gurnapdyr.

-Ösüp gelýän ýaş nesil Watana päk ýürekli gulluk eden, kärine wepaly bolan zenanlary we olaryň terjimehalyny bilmelidir – diýip Lýudmila Pawlowna gürrüň berýär. – Hut şu pikir hem mende şeýle diwarça döretmäge itergi berdi. Olaryň durmuş ýolunyň we döredijilik taýdan kemala gelmeginiň diňe bir düşündiriş jähtinden däl, eýsem watanperwerlik ruhunda terbiýelemek jähtindenem ähmiýeti ulydyr.

Türkmenistanyň Gahrymany, SSSR-iň halk artisti Maýa Kulyýewa (1920-2018 ýý) çagalar öýünde terbiýelenýär. 1937-nji ýylda zenanlar tehnikumynyň talyby hökmünde Respublikan çeper höwesjeňler gözden geçirilişine gatnaşýar, şondan soň Moskwanyň Çaýkowskiý adyndaky konserwatoriýasyna okuwa gitmäge teklip edilýär. Ol bu ýerde Weli Muhadow, Aşyr Kulyýew, Hydyr Allanurow ýaly belli türkmen kompozitorlary bilen bile okaýar.

Ençeme ýyllap Magtymguly adyndaky Opera we balet teatrynyň esasy solisti boldy. 1992-nji ýyldan 2001-nji ýyla çenli – Magtymguly adyndaky Türkmen sazly-drama teatrynyň baş režisýory bolup işledi.

SSSR-iň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewa (1930-2018 ýý) – owadan sesi bilen saz äleminde yz galdyran seýrek ykbally aýdymçy. Türkmen bilbili adyny alan liriki-koloratura owazly Medeniýet çagalar öýünde terbiýelenýär. Bir gezek aşgabatly saz ugrundan hünärmenler tutuş ýurdy aýlanyp zehinli çagalary ýygnap ýörkäler Kerkidäki çagalar öýüne barýarlar.... Ony Respublikan çagalar sazçylyk mekdebiniň skripka bölümine alýarlar. Mekdebi tamamlandan soň Medeniýet Türkmen döwlet sazçylyk uçilişşesiniň wokal bölümine okuwa girmegi niýet edinýär.

Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň halk ýazyjysy Amangözel Şagulyýewa Murgap etrabynyň Şordepe obasynda dogulýar. Gurbannazar Ezizow onuň döredijiligine güýçli täsir edipdir, şahyr oňa edebi zehinini ösdürmelidigini aýdýar. Onuň ilkinji goşgylar kitaby «Elbukjam» ady bilen neşir edilipdi. Häzirki wagtda A. Şagulyýewa belli medeniýet işgäri, özgerişler eýýamynyň waspyny ýetirýän watanperwer eserleriň awtory.

SSSR-iň halk artisti Annagül Annagulyýewa (1924-2009 ýý) Esengulynyň golaýyndaky kiçeňräk balykçylar şäherçesinde dünýä inýär. Maýa Kulyýewa ýaly zenanlar mugallymçylyk tehnikumyny, opera studiýasyny tamamlaýar. 1941-nji ýyldan 2001-nji ýyl aralygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Opera we balet teatrynyň solisti. Kanadada, Hindistanda, Wengriýada, Owganystanda gastrolda boldy. Her gezek repertuaryna baran ýurdunyň aýdymlaryny goşýardy. Onuň ýanýoldaşy – aktýor, teatr we kino režisýory, SSSR-iň halk artisti Alty Garlyýew.

Türkmenistanyň halk nakgaşy Ýewgeniýa Adamowa (1913-1991 ýý) Ukrainada dogulýar, 1932-nji ýylda ata-enesi bilen Türkmenistana göçüp gelýär. Türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesinde bilim alýar. Onuň kemala gelmegine mugallymy, soňra adamsy Iwan Çerinko güýçli täsir edýär. Beýik Watançylyk urşy ýyllary TürkmenTAG-yň Penjiresinde zehinli plakatçy-nakgaş hökmünde özüni tanatdy.

Ýewgeniýa Mihaýlowna - «Nätseňizem okajak», «Birinji synpa okuwa», «Türkmen zenanlary-Watana» ýaly milli žiwopis mekdebiniň Altyn gaznasyna giren birnäçe eseriň awtorydyr.

Türkmenistanyň halk ýazyjysy Towşan Esenowa (1915-1988 ýý) Ýüzbaşy obasynda dogulýar. Ol diňe bir şahyrana zehinli bolman, eýsem döwrüniň durmuş meselelerinem ýiti duýardy. «Polat gyz», «Tütjaryň gyzy», «Gündogaryň zenanlaryna hat» ýaly poemalary onuň döredijiliginde belli tapgyrlar bolupdy.

Olga Mizgirýowa – türkmen nakgaşy we botanigi. Garrygala obasynda dünýä inýär.

Mizgirýowa – Gündogaryň Zarpçy sungat mekdebiniň zehinli okuwçylarynyň biridi, ýöne ykbal oýny bilen žiwopisi goýup, özüni ylma bagyş edýär. Ol Türkmen oba hojalyk institutyny tamamlap, tanymal seçgiçi bolýar, Garrygaladaky stansiýanyň direktory bolup işleýär.

Ýuliýa Daneşwar (gyz familiýasy Konowalowa) 1912-nji ýylda Moskwada dogulýar. Moskwa çeperçilik institutynda bilim alýar. 1938-nji ýylda Aşgabada göçüp gelýär. Adamsy Muzafar Daneşwar bilen Türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesinde sapak berýär. Onuň okuwçylarynyň arasynda geljekki SSSR-iň halk nakgaşy Yzzat Gylyjow hem bardy. Ýuliýa Daneşwat 1948-nji ýyldaky Aşgabat ýer titremesinde wepat boldy.

Ogulgeldi Mämmedowa  (1958-2020 ýý) Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda dünýä indi. Žiwopise höwesi ony 1975-nji ýylda Türkmen döwlet çeperçilik uçilişşesine getirýär, soňra okuwyny Daşkendiň teatr-çeperçilik institutynda dowam edýär. Tanymal grafik we žiwopisçi bolup ýetişýär. Kärine ussatlaryň we şekillendiriş sungaty muşdaklarynyň arasynda owadan hem näzik gündogar zenanlarynyň keşplerini döreden nakgaş hökmünde tanaldy.

Sadap Nyýazowa – kolhozçy. Beýik Watançylyk urşy ýyllary Goranmak gaznasyna 60 müň manat geçirdi. Gaýratly bu zenanyň suraty sowet döwrüniň gazetleriniň ençemesinde çap edilip, ol tylda zähmet çekýänler üçin ruhlandyryjy nusga bolupdy.