«HASAR» HJ-NYŇ SÜÝJI TAGAMLARY

«Hasar» hojalyk jemgyýeti Täze ýyl baýramçylygy mynasybetli sowgatlarynyň 140 müňden gowragyny taýýarlady. Sowgatlarda hemmeleriň halaýan şirin nygmat tagamly kökedir kemputlaryň dürli görnüşleri bar.
«Hasar» hojalyk jemgyýetiniň ady Köpetdagyň iň belent gaýasynyň ady bilen baglanyşyklydyr.
Aşgabadyň bu konditer kärhanasy döwrebap, ýokary tehnologiýaly, eksporta ugur alýan, ýerli çig maldan peýdalanýan we dünýä belli önüm öndürijiler bilen bäsleşýän kärhana hökmünde tanalýar. Kärhana 2000-nji ýyldan bäri ýurdumyzyň içinde we daşynda alyjylaryň arasynda meşhur dürli konditer önümleri bilen tanalýar.
«Hasar» HJ-i çig maly taýýarlamakdan gaplanylmagyna çenli ähli işler ýerine ýetirilýän doly önümçilikli kärhanadyr. Bu ýerde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, önümçilikde ýerli çig maldan peýdalanmaga, täze kuwwatlyklary işe girizmäge uly üns berilýär. Täze önümçilik binasynyň işe girizilmegi bilen çykarylýan konditer önümleriniň görnüşi artýar.
Dünýä belli haryt öndürijileriň ýokary tehnologiýaly döwrebap enjamlarynyň ulanylmagy oňa awtomatik düzgünde hyzmat etmäge, şeýle hem çykarylýan önümleriň görnüşlerini yzygiderli täzeläp durmaga mümkinçilik berýär.
«Hasar» HJ-niň ýokary hilli önümleriniň bahasynyň elýeterliligi daşary ýurtly hyzmatdaşlary-da özüne çekýär. Häzirki wagtda çykarylýan önümleriň 30 göterimi eksport edilýär.
«Hasar» HJ-niň önümleriniň owadan gaplaryny we olaryň bezegini kärhananyň hünärmenleri işläp taýýarlaýarlar. Olar milli äheňde ýerine ýetirilmegi süýjiniň adyna kybap gelýär. Mysal üçin, belli türkmen deňiz şypahansy -«Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynyň nyşany ak huruşly nepis tagamly şokoladly kempuda bezeg berýär. Olaryň suratlarynda ajaýyp ahal-teke bedewi, ümmülmez türkmen tebigaty we türkmen paýtagtynyň gözel ýerleri şekillendirilen.
Alma, limon we erik tagamly dürli reňkli marmeladlar, kak huruşly kemputlar, şeýle hem owadan gaply wafli tortlary we kökeler alyjylar üçin hakyky sowgat bolýar.
«Hasaryň» önümleri hiline berk gözegçilik edilip, nusgawy tehnologiýa boýunça taýýarlanylýar. Könditer önümleriniň ählisi arassa önümlerden taýýarlanylýar. Önümiň ýokary hili, arassaçylyk-gigiýena düzgünlerine berk eýerilmegi, çig malyň we taýýar önümiň hiline berk gözegçilik, önümiň alyjylara tiz ýetirilmegi «Hasar» HJ-niň önümleriniň üstünlik gazanmagynyň girewidir.
Ýokary hilli komponentleri iberýän hemişelik hyzmatdaşlar bilen hyzmatdaşlyk ekologiýa taýdan arassa, aňryçäk goragly önüm çykarmaga ýardam edýär. Standatlaşdyrmak, metrologiýa we sertifikatlaşdyrmak Döwletara geňeşiniň kabul eden ISO 22 000 Sertifikatynyň berilmegi-de «Hasar» konditer kärhanasynyň önümleriniň hiliniň ýokarylygyna şaýatlyk edýär.
Bu ýerde döredilen distribýuterlik ulgamy ýurdumyzyň ähli sebitine, şeýle hem Owganystana, Saud Arabystanyna, Birleşen Arap Emirliklerine, Pakistana, Hytaýa, Gyrgyzystana, Eýrana, Gazagystana, Gruziýa, Azerbaýjana, Kuweýte iberilýän harytlaryň zerur möçberini takyk kesgitlemäge mümkinçilik berýär.
Kärhanada 600-den gowrak adam, şol sanda kärine ussat konditerler işleýärler.
Önümçiligiň takyk guralmagy, oňaýly iş şertleriniň döredilmegi, işgärleriň durmuş taýdan goraglylygy bäsleşige ukyply ýokary hilli haryt öndürmäge ýardam edýär.
Kärhanada iş usullary yzygiderli kämillerdirilýär, alyjylar bazary öwrenilýär, netijede onuň önümlerine durnukly isleg gazanylýar, önümçilik güýçlendirilýär, datly we peýdaly önümiň täze görnüşleri ornaşdyrylýar.