SOŇKY HABARLAR
ÝURDUŇ SENAGATYNYŇ KUWWATY ARTÝAR
Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň Daşoguzdaky pagta egriji fabriginiň işe girizilenine kän wagt geçmedigem bolsa, ol dünýä dokma önümleri bazarynda orun tutdy, kärhananyň önümleriniň ýetmiş göterimden gowragy daşarky bazarlara ugradylýar. Şertnama borçlaryny yzygiderli ýerine ýetirýänligi we halkalaýyn egirme usulda taýýarlanýan arassa ýüplükleriniň ýokary hili bilen kärhana daşary ýurtly alyjylaryň arasynda abraý gazandy. Şu ýylyň birinji ýarymynda hem bu ýerde öndürilen 39,5 million...
“C5+1” FORMATYŇ ÇÄKLERINDE MERKEZI AZIÝANYŇ DÖWLETLERINIŇ WE ABŞ -NYŇ ARASYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY
2021-nji ýylyň 15-nji iýulynda Daşkentde “C5+1” formatyň çäklerinde Merkezi Aziýanyň döwletleriniň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylary bilen ABŞ-nyň Prezidentiň Içerki howpsuzlyk meseleleri boýunça Geňeşçisi Elizabet Şerwud-Rendalyň ýolbaşçylygyndaky ABŞ-nyň wekiliýetiniň arasynda gepleşikler geçirildi. Gepleşiklere şeýle-de ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy dikeltmek meseleleri boýunça Ýörite wekili Zalmaý Halilzad hem gatnaşdy. Duşuşygyň barşynda taraplar Merkezi Aziýanyň döwletleri bi...
EKOLOGIÝA TAÝDAN ARASSA ORGANIKI DÖKÜNLERI
Türkmenistanyň Maliýe we Ykdysadyýet ministrliginiň intellektual eýeçilik boýunça döwlet gullugy Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Himiýa institutynyň ylmy işgärler, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň guş galyndylaryny gaýtadan işlemek arkaly, ekologiýa taýdan arassa organiki mineral dökünleri almagyň täze usulyny teklip eden mugallymlar we talyplar toparyna oýlap tapyş üçin patent berdi. «Fiziki-himiki derňewler we sertifikatlaşdyrma» bölüminde barlaghana şer...
MERKEZI AZIÝA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTLERINIŇ MEJLISI GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 14-nji iýulynda türkmen tarapynyň başlangyjy boýunça Daşkent şäherinde Merkezi Aziýa döwletleriniň Daşary işler ministleriniň mejlisi geçirildi. Gazagystanyň, Türkmenistanyň, Täjigistanyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary hem-de Gyrgyz Respublikasynyň Daşary işler ministriniň birinji orunbasary “Merkezi we Günorta Aziýa: sebit özara baglanşygy. Wehimler we mümkinçilikler” atly ýokary derejedäki halkara maslahatyna gatnaşmak maksady bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtag...
TÜRKMEN TAMDYRYNYŇ TARYHYNDAN
Türkmen halkynyň asyrlara uzap gidýän taryhy we baý medeniýeti bar. Käbir däp-dessurlaryň we edim-gylymlaryň gadymylygy olaryň gizlin sahypalarynyň has jikme-jik görkezilmegini talap edýär. Wagtyň geçmegi bilen, ata-babalarymyzyň gadymy däp-dessurlary giňden ýaýrap, diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem goňşy ýurtlaryň halklarynyň taryhyndadyr medeniýetinde-de yz galdyrypdyr. Bu medeni gymmatlyklaryň biri-de türkmen tamdyrydyr. Tamdyr Aziýa halklarynyň arasynda dürli tagamlary taýýarlamak we ç...
GOŞULYŞMAZLYK HEREKETINIŇ MINISTRLER MASLAHATYNYŇ BARŞYNDA TÜRKMENISTANYŇ BAŞLANGYÇLARY BEÝAN EDILDI
2021-nji ýylyň 13-14-nji iýulynda wideoaragatnaşyk arkaly Goşulyşmazlyk Hereketiniň ortamöhletleýin ministrler maslahaty geçirildi. Maslahatda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Wepa Hajiýew Türkmenistana wekilçilik etdi. Agzalan wekilçilikli maslahat Goşulyşmazlyk Hereketiniň umumy maksatlaryny ilerletmek ugrunda çykyş edýän dünýäniň onlarça ýurtlarynyň daşary syýasy edaralarynyň ýolbaşçylaryny bir ýere jemledi. Mejlisiň açylyşynda gatnaşyjylar Azerbaýjan Respublikasynyň Prez...
«ORTA GUŞAKLYK TURAN ÇÖLLÜGI» BOÝUNÇA RESMINAMA (NOMINASIÝA DOSÝESI) TOPLUMY TAÝÝARLANÝAR
Türkmenistanyň Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginde (OH we DGGM) bu edaranyň we Mihael Zukkowyň «Merkezi Aziýanyň çöl boýunça başlangyjy» atly tebigaty goramak gaznasynyň (MSF, Germaniýa) sebitleýin taslamasynyň durmuşa geçirilmegine bagyşlanan onlaýn duşuşyk bolup geçdi. Oňa Oba hojalygy we daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Ýer baýlyklary boýunça gullugynyň, Garagumyň Bereketli we Kopetdag döwlet tebigy goraghanalarynyň wekilleri, ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky Milli kätiph...