SOŇKY HABARLAR
TÜRKMENISTAN ÝAPON KOMPANIÝALARY BILEN HYZMATDAŞLYGYNY IŞJEŇLEŞDIRÝÄR
2021-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Türkmenistanyň DIM-niň binasynda «Kawasaki Heavy Industries, Ltd» ýapon kompaniýasynyň Prezidenti jenap T.Watanabe bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşyga Türkmenistanyň Daşary işler, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň, «Türkmengaz» Döwlet konserniniň, şeýle-de Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Söhbetdeşligiň barşynda taraplar şeýle-de ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň oňyn...
SERGIDE ŞEKILLENDIRIŞ SUNGATY ESERLERINIŇ ÄHLI GÖRNÜŞI GÖRKEZILÝÄR
Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň 2021-nji ýylyň «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygaryna bagyşlanan işleriniň sergisi guraldy. Sergide muzeýiň gorunda saklanylýan žiwopis, şeýle hem Türkmenistanyň Nakgaşlar birleşininiň keramika, dizaýnerlik işleri we şaý-sepleri görkezilýär. Şemşat Mämmedowanyň «Bahar geldi äleme» atly suraty reňk terligi bilen tapawutlanýar. Köpetdagyň gül-pürçege bürenen eteginde ýaýnap ýören bedewler temasyna türkmen nakgaşlary ý...
TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRI YKDYSADY HYZMATDAŞLYK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN ONLAÝN DUŞUŞYGY GEÇIRDI
2021-nji ýylyň 27-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň (YHG) Baş sekretary Hadi Soleýmanpur bilen göni wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň platformasynda alnyp barylýan özara hereketleriň häzirki ýagdaýyny we ileri tutulýan ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Guramanyň işiniň ösdürilmegine itergi berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň ähmiýeti bellenilip geç...
GORAGHANA GORAGY
Gaplaňgyr döwlet goraghanasynyň çäginde Türkmenistanyň Gyzyl Kitabyna girizilen ösümlikleriň üçüsi gögerýär. Olar hywa şorasy, çägemik we Eýhwaldyň sözenidir. Hywa şorasy gadym döwürlerden bäri Üstýurt düzlüginde gögerýär. Boýy ýarym metre golaý bu ýarym gyrymsy agajyň bir özi-de, jeňňellerde-de, düzlükde-de we Sarygamyş oýunda-da ösýär. Bu ösümlik iýulda gülläp, sentýabrda miwe berýär. Ol Türkmenistanyň demirgazygynda gadym eýýamlardan galan relikt ösümlikdir. Kösükliler maşgalasynyň weki...
TÜRKMENISTAN WE BMG DURNUKLY ÖSÜŞ MAKSATLARYNDA HYZMATDAŞLYGYŇ DOWAM EDILMEGINI ILERI TUTÝARLAR
2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, deňize çykalgasy bolmadyk, az derejede ösen ýurtlar, ösüp gelýän ýurtlar we ösüp gelýän kiçi ada döwletleri boýunça Ýokary wekili hanym Fekitamoeloa Katoa Utoikamana bilen göni wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň barşynda taraplar Türkmenistanyň we Birleşen Milletler Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giň toplumy boýunça gatnaşyklaryna ýokary...
WATANY GORAMAK - HORMAT-SARPALY KÄR
Dünýe şeýle gurlan-da –ildeşleriniň öýünde parahatlyk höküm sürmegi üçin serhetçiler gije-gündiz, howa parh etmän, adaty hem baýram günlerem Watan serhedini goraýarlar. Harby düzümler parahatçylyk döwri hünär taýýarlygyny has-da ýokarlandyrýarlar. Erkek kişiler baş borjuny ýerine ýetirmäge -- islendik pursat Watan goragyna taýýardyrlar. Hünär baýramynyň –Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda Şekillendiriş sungaty muzeýinde türkmen nakgaşlarynyň žiwopis we heýkeltaraşlyk işleriniň sergisi gu...
TÜRKMENISTANYŇ WE BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ DEREJESINDE GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
2021-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministri Wladimir Makeý bilen daşary syýasat edaralarynyň arasyndaky geňeşmeleri geçirdi. Duşuşygyň barşynda ministrler syýasy-diplomatik, şeýle hem söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Döwletara gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna itergi berýän ýokary derejedäki özara hereketleriň...