img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
ERMENISTAN RESPUBLIKASY - ÝEREWAN
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img
RSS

SOŇKY HABARLAR

pic
26 Awg

TÜRKMEN-OWGAN SERHEDINDÄKI GGN-LARYNYŇ BÖKDENÇSIZ IŞI ÜPJÜN EDILÝÄR

Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär. Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri göýberilýär.  Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden göýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär. Şu nukdaýnazardan, owgan tarapynyň Owgany...

DOWAMY
pic
26 Awg

TÜRKMENISTAN OWGANYSTANYŇ SEBITLERINI ELEKTRIK ENERGIÝASY BILEN ÜPJÜN ETMEGINI DOWAM EDÝÄR

Türkmenistan häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda goňşy Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini dowam edýär. Mälim bolşy ýaly, türkmen elektrik togy Owganystana birnäçe ugurlar boýunça iberilýär. Bu bolsa Owganystanyň demirgazyk welaýatlaryny tutuşlygyna, ýurduň günbatar we demirgazyk-günbatar etraplaryny, şol sanda Hyrat, Badgis, Jowzjan, Balh, Farýap sebitlerini, şeýle-de Mazari-Şarif, Şibergan, Hyrat we beýleki şäherlerini hem elektrik togy bilen üpjün etmäge mümkinçili...

DOWAMY
pic
24 Awg

EKSPORT GELEŞIKLERINIŇ ARASYNDA NEBITHIMIÝA WE TEKSTIL ÖNÜMLERI ÖŇDELIGI EÝELEÝÄR

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy. Daşary ýurt puluna Russiýanyň, Şweýsariýanyň, Türkiýäniň, Owganystanyň we Marşal adalarynyň telekeçileri Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen polipropileni, awtomobil benzinini, uçar ýangyjyny satyn aldylar. Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Owganystanyň, Gyrgyzystanyň hem-de Täjigistanyň işewürleri Seýdiniň nebiti gaýtadan işleýän zawodynda öndü...

DOWAMY
pic
23 Awg

OWGANYSTANDAKY ÝAGDAÝLAR TÜRKMENISTANYŇ WE BEÝIK BRITANIÝANYŇ DIM-LERINIŇ WEKILLERINIŇ ARASYNDA ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

Şu gün, 23-nji awgustda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajiýew Beýik Britaniýanyň Daşary işler, Arkalaşygyň işleri we ösüş boýunça döwlet ministri, Uimbldonyň Lordy Ahmad bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Işjeň ýagdaýda geçen gepleşikleriň barşynda taraplar Owganystandaky ýagdaýlary, şeýle hem umumy howplara we wehimlere garşy göreşmek meselelerini, halkara hyzmatdaşlygyň syýasy hem-de ynsanperwer ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar, şeýle-de bu babatda gepleşi...

DOWAMY
pic
23 Awg

“GÜNDOGAR ŞÖHLESI” HJ-NIŇ TÄZE ÖNÜMI

Ýurdumyzyň mekdep bazarlaryna topukçaly syýagalamlaryň täze görnüşleri satuwa çykaryldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzasy, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda ýerleşýän “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti gündelik ýazuw işleri üçin niýetlenen durmuş esbaplarynyň köpçülikleýin önümçiligini özleşdirdi. Bu topukçaly syýagalamlaryň geň tarapy olaryň içinde syýadanyň ýoklugydyr. Bu ýazuw esbaby ýasalanda, syýa gönüden-göni onuň göwdesiniň içine guýulýar-da, gapak dakyl...

DOWAMY
pic
21 Awg

AŞGABATDA OLIMPIÝA OÝUNLARYNDA MEDAL GAZANAN TÜRKMENISTANYŇ ÝEŇIJISINI SYLAGLAMAK DABARASY GEÇIRILDI

Şu gün, 21-nji awgustda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistanyň At gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň Olimpiýa şäherjiginiň «Başa-baş söweş sungaty» sport toplumynda Tokio şäherinde geçirilen ХХХII tomusky Olimpiýa oýunlarynda ýeňiş gazanan ýurduň türgeni - Polina Gurýewa döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. 59 kg çenli agram derejesinde türkmen türgeni silkip hem-de itekläp götermek boýunça iki görnüşli ýaryşyň je...

DOWAMY
pic
21 Awg

EKSPORT ARTÝAR, IŞ ÝERLERI DÖREDILÝÄR

Şu ýyl ýurduň telekeçileri tarapyndan döredilen täze ýyladyşhanalarda dört ýüz iş orny döredildi. Oba hojalyk ekinleri ösdürilip ýetişdiriljek täze jaýlaryň meýdany 35 gektar artdy. Innowasion tehnologiýalar bu meýdanlarda ýylda 11 müň tonnadan gowrak gök önüm ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär.  Telekeçiler tarapyndan ýurduň ähli welaýatlarynda gurlan alty sany häzirki zaman ýyladyşhana hojalygy öňden işläp gelýänleriň hataryna goşuldy. Ahal welaýatynyň Kaka we Ak bugdaý etraplaryndaky...

DOWAMY