Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk Maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň çäklerinde Ermenistan Respublikasynda saýlawlaryň geçirilendigi barada

1-nji saýlaw uçastogy Ermenistan Respublikasynda ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan Türkmenistanyň raýatlaryny sagat 07:00-dan kabul edip başlady. Ilçihananyň işgärleri saýlaw uçastogynyň kadaly işlemegini, saýlawlaryň açyklyk we aýdyňlyk ýagdaýynda geçirilmegini üpjün etmek üçin ähli zerur işlerini geçirdiler.

Ýerli wagt bilen sagat 19:00-da Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher Halk Maslahatlarynyň, Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň çäklerinde Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Ilçihanasynyň ýanynda döredilen 1-nji saýlaw uçastogy ýapyldy. Saýlawlar üstünlikli geçirildi.