Ýerewan döwlet uniwersitetinde ýene-de Magtymguly barada

img
img
img
img
img
img
img
img

2024-nji ýylyň 11-nji martynda türkmen edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyny dabaraly bellemegiň çäklerinde Ýerewan döwlet uniwersitetinde Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlanan Halkara ylmy-usulyýet maslahaty we edebi okaýyşlar geçirildi.

 Maslahatyň işine Gazagystanyň, Hytaýyň, Serbiýanyň Ermenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileri, ýurduň diplomatiki korpusynyň wekilleri, Ýerewan döwlet uniwersitetiniň talyplary we prosfessor-mugallymlary, edebiýatçylar, Ermenistanyň medeniýet we sungat wekilleri gatnaşdylar.

Ilki bilen Ýerewan döwlet uniwersitetiniň rektory Ogannes Ogannisýan çykyş etdi we maslahaty açmak üçin Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi M.Aýazowa söz berdi.

Maslahatyň barşynda Ýerewan döwlet uniwersitetiniň Türki dilleri öwreniş kafedrasynyň müdiri Aleksandr Safarýan, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Türkmen dili kafedrasynyň müdiri Gulruh Gurbanowa, Ermenistanyň Türkmenistandaky ozalky ilçisi Aram Grigorýan çykyş etdiler.

Şeýle hem, maslahatda Magtymgulynyň eserlerini ermeni diline terjime eden şahyr terjimeçi Waružan Hastura söz berildi. Ol çykyşynyň ahyrynda Pyragynyň «Gözel sen» goşgusyny ermeni dilinde okady.

Maslahatda Aşug Asthanuş – Aşyk bagşy Asthanuş Magtymgula bagyşlanan goşgusyny okady we çykyşyny aýdym bilen tamamlady.

Ermenistanyň halk artisti, radio ýaýlymy alyp baryjy Maýranuş Grigorýan hem Magtymgulynyň «Kyly-kal bolar» goşgusyny ermeni dilinde okady.  

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Ermenistan Respublikasyndaky ilçihanasy tarapyndan Magtymguly Pyragynyň eserlerine bagyşlap, paýlama materiallaryň çykarylandygyny bellemek bolar. Onuň bir tarapynda Pyraga bagyşlanan suratlar, beýleki tarapynda bolsa Magtymgulynyň ermeni diline terjime edilen şygyrlary neşir edilendir.

Maslahat talyplaryň paýlama materiallaryndan ermeni diline terjime edilen Pyragynyň goşgularyny okamagy bilen tamamlandy. Bu paýlama materiallary şeýle hem maslahata gatnaşyjylaryň ählisine sowgat berildi.