Döwlet Baştutanymyz german kompaniýalarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşdy
Şu gün Astanada geçirilýän Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň we Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Federal Kansleriniň ikinji duşuşygyna gatnaşýan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň işewür toparlarynyň wekilleri bilen duşuşdy.
Germaniýanyň Ykdysadyýet we howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça Federal ministrliginiň parlament stats-sekretary Mihael Kellner döwlet Baştutanymyzy mähirli mübärekläp, GFR-iň işewür toparlarynyň Türkmenistan bilen birnäçe geljegi uly ugurlarda däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, şeýle ýokary derejedäki gyzyklanma köpýyllyk bilelikdäki işiň toplanan oňyn tejribesi, şeýle hem ýurdumyzda daşary ýurtly işewürler üçin döredilýän amatly şertler bilen şertlendirilendir.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dostlukly ýurduň birnäçe kompaniýasynyň ýolbaşçylaryny we resmi wekiliýetiniň agzalaryny mähirli mübärekläp, häzirki wagtda Türkmenistana bolan gyzyklanmanyň barha artýandygyny we özara peýdaly hyzmatdaşlygyň geriminiň giňeýändigini kanagatlanma bilen belledi. Munuň şeýledigini şu günki duşuşyga köp sanly kompaniýalaryň wekilleriniň gatnaşýandygy hem tassyklaýar.
Hyzmatdaşlygy has-da ösdürmekde birnäçe ileri tutulýan ugurlar görkezildi. Bular, ilkinji nobatda, gaýtadan dikeldilýän energiýa, ulag we aragatnaşyk, himiýa senagaty, dokma senagaty, oba hojalygy, «ýaşyl ykdysadyýete» geçiş, innowasiýa we tehnologiýa ugurlarydyr.