Keramiki kerpiçler we bezeg önümleri öndürilýär

Ýurdumyzda hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň bimöçber aladalary netijesinde kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek boýunça döredilýän giň şertler özüniň oňyn netijelerini berýär.
Berkarar Diýarymyzyň ykdysady kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda aýratyn orna eýe bolýan telekeçilik ulgamynyň häzirki wagtda öndüriji güýje öwrülmegi, bu ulgamyň öndürýän senagat önümleriniň halkara ülňülerine laýyk gelmegi bu pudagyň önümlerini diňe bir içerki bazarda däl, eýsem, daşary bazarlarda hem islegli harytlara öwürýär. Ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynda iň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen önümçilikleriň sany barha artýar.
Şeýle kärhanalaryň biri hem Lebap welaýatynyň Halaç etrabynda ýerleşýän, 2020-nji ýylda işe girizilen, keramiki bezeg önümlerini öndürýän «Döwletli-Döwran» hojalyk jemgyýetidir. Dünýäniň iň ösen döwletleriniň meşhur kompaniýalarynyň kämil tehnologiýalary ornaşdyrylan bu kärhanada işçi-hünärmenleriň 190-a golaýy zähmet çekýär. Munuň özi ýaşlar üçin oňaýly iş orunlarydyr. Işe girizilenine 5 ýyldan gowrak wagtyň geçendigine garamazdan kärhananyň öndürýän önümleri ilat arasynda uly islege eýe bolýar. Bu bolsa taýýar önümleriň hil derejesiniň ýokarydygynynyň subutnamasydyr. Önümçilik üçin zerur bolan çig mal, ýagny, aýratyn hil derejesindäki toýun Saýat etrabyndaky Sakar, Halaç we Köýtendag etrabyndaky Gubadag ýataklaryndan getirilýär.
Kärhananyň Türkmenabat — Kerki — Amyderýa demir ýolunyň we Türkmenabat — Kerki awtoulag ýolunyň ugrunda ýerleşmegi önümçilik üçin zerur bolan çig maly getirmeklige, taýýar önümleri bolsa alyjylara ýetirmeklige amatly şert döredýär.
Çig mal önümleri, kesiji-galyplama, guradyjy, reňk beriji, bişiriji hem-de gaplama bölümlerinden ybarat önümçilikde bir-gije gündiziň dowamynda ortaça 525 tonna, ýylyň dowamynda bolsa, 192 müň tonna çig maly gaýtadan işlemäge mümkinçilik bar. Bu bolsa her ýylda 80 million şertli keramiki önümleri öndürmäge şert döredýär.
Häzirki wagtda hojalyk jemgyýetinde bezeg kerpiçleriniň 10 görnüşi, uly göwrümli termoblok kerpiçleri, plitalaryň ýere ýazylýan syrçalanmadyk hem-de diwar örtüji syrçalanan gönüşli önümler öndürilýär. Bu ýerde önümçilik işleriniň dowamynda ýüklemek,daşamak we gaplamak işleri Ýaponiýada öndürilen robot tehnologiýasynyň kömegi bilen amala aşyrylýar. Kärhanada döwrebap barlaghananyň hereket edýändigini hem bellemek möhümdir. Bu bolsa çig malyň fiziki, himiki häsiýetlerini, taýýar önümleriň hil derejesini, ýagny, dykyşlygyny, berkligini we çyglylyga durnuklylygyny kesgitlemäge mümkinçilik berýär. Hojalyk jemgyýetinde öndürilýän önümler ýurdumyzdaky gurluşyk-gurnama işlerinde peýdalanylýar we goňşy Özbegistan döwletine eksport edilýär.
Kärhanada gazanylýan üstünlikler işçi-hünärmenleriň Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk baýramynyň 30 ýyllygyna mynasyp toý sowgadydyr.