OBA HOJALYK ULGAMYNDAKY HYZMATDAŞLYK DOWAM EDÝÄR

Türkmenistanyň S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen Oba hojalyk uniwersiteti bilen Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetiniň arasynda başlanan hyzmatdaşlygyň dowamy hökmünde, 2020-nji ýylyň 20-nji maýynda Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetiniň Maldarçylyk Önümlerini gaýtadan işlemek tehnologiýalary kafedrasynyň dosenti Anna Daştoýan: «Et senagatynda azyk goşundylaryny ulanmak» atly tema boýunça leksiýa okady.

A.Daştoýan Türkmen Oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary we mugallymlary bilen mähirli salamlaşyp, häzirki wagtyň iň derwaýys temasy - iýmit goşundylary barada bilimlerini paýlaşmakda  döredilen ajaýyp pursat üçin minnetdarlyk bildirdi. Türkmen Agrar Uniwersitetiniň talyplary Ermenistanyň eti gaýtadan işleýän pudagynda azyk tagamlaryny (azyk emulsifikatorlaryny), adaty tagamdan başlap, ýörite tehnologiki enjamlara, şol sanda E-indeksleri bolan reňk stabilizatorlaryna we konserwantlary ulanmak baradaky onlaýn leksiýany uly gyzyklanma bilen diňlediler.

Leksiýanyň ahyrynda dosent Daştoýan onlaýn duşuşyga gatnaşan geljekki türkmen hünärmenleri we uniwersitetiň wekilleriniň soraglaryna uly höwes bilen jogap berdi.

Şeýle hem, Ermenistanyň Milli agrar uniweritetiniň Azyk tehnologiýalary fakulteti barada gürrüň berdi, bu ýerde Ermenistanda işjeň ösýän azyk senagaty üçin oba hojalygy ulgamynyň hünärmenlerini taýýarlaýar. Degişli bilim gurşawynda emele gelýän köp hünärler we başarnykly hünärmenler bolmasa howpsuz we ýokary hilli iýmitiň alynmaýandygyny ol belläp geçdi. A.Daştoýanyň pikiriçe, Azyk tehnologiýasy fakultetiniň ösüş meýilnamasy uniwersitet tarapyndan kabul edilen strategiýadan ugur alyp, döwrüň talaplaryna laýyklykda işjeň üýtgeýär we döwrebaplaşýar. Onlaýn duşuşyga gatnaşyjylar bar bolan edebiýaty özara alyşmaklarynda ylalaşdylar.

Wideo ýygnagynyň ahyrynda iki tarap hem bu onlaýn leksiýany gurnamakda döredilen mümkinçilik üçin uniwersitetleriniň ýolbaşçylaryna ýene-de bir gezek minnetdarlyk bildirdiler we wagtyň geçmegi bilen has netijeli hyzmatdaşlygyň düýbüni tutjak we gumanitar ugurlarda dostlukly ýurtlaryň arasynda dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň ýene-de bir beýany boljak biri-birine baryp görmäge mümkinçilik tapjakdyklaryna umyt bildirdiler.

Bu onlaýn çäre, 2017-nji ýylyň awgust aýynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ermenistan Respublikasyna resmi sapary wagtynda gol çekilen S.A.Nyýazow Türkmen Oba hojalyk uniwersiteti bilen Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetiniň arasyndaky Ylalaşygyň durmuşa geçirilmegine ýene-de bir goşandy boldy.