TÄZE UGURLAR BOÝUNÇA UÇARLY ÝÜK DAŞALÝAR

«Türkmenistan «Awiakompaniýa» AGPJ Boing 777-200 LR kysymly uçarda yzygiderli göni ýük daşalyşyny ýola goýýar. Ilkinji uçuş şu ýylyň 26-njy fewralynda amala aşyrylar. Ol Hytaý Halk Respublikasy bilen Germaniýa Federatiw Respublikasyny arasynda hepdede bir gezek ýerine ýetiriler. Hepdäniň anna güni – Pekine, şenbe güni – Maýn boýundaky Frankfurta uçuşlar amala aşyrylar.

Mart aýynyň ahyryna çenli howa gämisinde ýük daşamagy synap görmek göz öňünde tutulýar. Awiakompaniýa eýýäm Ýewropa we Aziýa ýük daşamaga tabşyryklary alýar. Gatnawlar 30-35 tonna ýük daşamaga niýetlenen döwrebap Boeing uçarlarynda amala aşyrylar.

Howa gämilerinde bu hyzmatyň çäklerinde gazanylan uçarly ýük daşalyşynyň netijeleligi gyzyklanýan taraplara mundan beýlägem gatnawlary ýygjamlaşdyrmaga we bar bolan hem-de täze ugurlar boýunça «Boing» uçarynda ýükleri daşamagyň çägini giňeltmäge mümkinçilik berer.

Soňky wagtda «Türkmenistan» awiakompaniýasy diňe Il-76 uçarlarynda Stambul we Abu-Dabi şäherlerine yzygiderli uçarly ýük daşalyşyny amala aşyrýardy.