PILE GAÝTADAN IŞLENILIP BAŞLANDY

photo

Piläni gaýtadan işlemekde 90 ýyldan gowrak iş tejribesi bolan Türkmenabadyň ýüpek önümçiligi birleşiginiň işgärleri täze pile hasylyny gaýtadan işlemäge girişdiler. Ýüpek saraýjy önümçiligiň awtomatlaşdyrylan enjamlary birkemsiz sazlanyldy we Amyderýa jülgesiniň ýüpekçilerinden gelýän mymyk piläni üznüksiz gaýtadan işlemek üçin taýýarlanyldy.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän ýylda Lebap welaýatynyň ýüpekçileri pile taýýarlamak tabşyrygyny artygy bilen ýerine ýetirip, uly zähmet üstünligini gazandylar. Olar 1013 tonnadan gowrak pile tabşyrdylar, munuň özi ýurt boýunça taýýarlanan gymmatly çig malyň ýaryna golaýydyr. Hojambaz, Kerki, Dänew Çärjew we beýleki etraplaryň ýüpekçileri uly üstünlige saldamly goşant goşdular.

Birleşigiň işgärleri gymmatly çig maly gaýtadan işlärler we ondan içerki hem-de daşarky bazarlarda islegli ýeňil, mymyk ýüpek ýüplügini çykararlar, onuň bir böleginden birleşigiň dokma toplumynda ýokary hilli ýüpek matalar, şeýle hem ýüpek halylar dokalar. Birleşigiň çykarýan giň görnüşli nah matalarynyňam hyrydary ýetik. Ýanwar-maý aýlarynda geçen ýyl bilen deňeşdireniňde onuň önümçilgi 20 göterim ýokarlandy.