«AK GAP» KOMPANIÝASY ÖNÜMÇILIGINI ON ESSE ÝOKARLANDYRDY

«Ak Gap» kompaniýasy polietilentereftalatdan çüýşe we banka almak üçin taslanan önüm önümçiligini on esse artdyrdy. Kärhana ýylda alyjylara 500 million PET preform we 200 milliona golaý polietilen gapaklar ugradýar. Bu önüm taslamalary kärhanalara dürli ugurlarda pres-forma we ýel beriji maşynlaryň kömegi bilen çüýşe gaplary öndürmäge gerekli. Önümler şeýle gapda uzak wagt üýtgemän saklanýar we zaýalanmaýar.
Häzirki wagtda ýerli haryt öndürijiler azyk senagatynda (gazlandyrylan alkogolsyz içgiler, süýt önümleri, dürli şireler, alkogolly we gowşak alkogolly önümler, ösümlik ýaglary üçin) şu gaplary ulanýarlar. Arçаlyk, Upekçi, MAHMAL ZIP, Tolkun, Galkyn, Kristal, Akar ýaly kärhanalar indi ençeme ýyl bäri «Ak Gap» kompaniýasynyň preformalaryny ulanýarlar. Mundan başga-da, «Ak Gap» indi birnäçe ýyl bäri «Тürkmenistan Coca Cola Bottlers» HJ üçin preformalary resmi iberijidir.
2007-nji ýylda Aşgabadyň «Ak Gap» kompaniýasy Türkmenistanda ilkinjileriň biri bolup plastmass gaplary çykarmagy özleşdirid, onuň berkligi önümler daşalanda howpsuzlygy kepillendirýär. Telekeçiler öz önümini daşary ýurtlardan gertirilen öndürijiligi bary-ýogy ýylda 30-40 million PET preforma bolan enjamlaryň dördüsinde çykaryp başladylar. Üç ýyldan soň kompaniýa önümçiligi ýylda 50-60 million önüm bolan «Husky-120» enjamyny satyn aldy. Ýene iki ýyldan PET önümçiligi boýunça kuwwatlyklar iki esse artdy. Kuwwatlylygy ýylda 120-130 million önüm öndürýän «Husky-300» enjam işe girizildi. Häzirki wagtda kompaniýada kuwwatlylgy deň enjamlaryň ikisi bar, dogrusy Husky Pet 300 4.0 enjamynyň täze nusgasy ozalkysyndan has netijeili we energiýatygşytly. Şeýlelik bilen, kärhananyň önümçilik kuwwaty döredilenden bäri umuman on esse ýokarlandy.
Kompaniýa polietilen gapaklary öndürmegi özleşdirdi, bu bolsa müşderilere milli hem-de halkara kadalaryna we ölçeglerine laýyk gelýän önümiň doly toplumyny bermäge mümkinçilik döretdi. «Ak Gap» kompaniýasy dünýäde esasy SGS sertifikat kompaniýasyndan sertifikatlary aldy. Golaýda kompaniýa «Täze Zaman» obasynyň töwereginde öndürijilikli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilen täze önümçilik binalaryny gurdy.