TELEKOM-HYZMATLARY WE SANLY ULGAM

photo

Barselonada 28-nji iýundan 1-nji iýul aralygynda geçirilýän Bütindünýä kongresi (Mobile World Congress, MWC) - iri maslahatlaryň we telekom-sergileriň biri bolup, onda iň täze tehnologiýalar hem-de ykjam gajetler görkezilýär. Şu ýyl MWC ilkinji gezek garyşyk görnüşde geçiriler: mejlisleriň we spikerleriň käbirine oflaýn, käsi – diňe onlaýn görnüşde gatnaşarlar.

Çärä gatnaşýanlaryň arasynda SpaceX we Tesla kompaniýasynyň baştutany Ilon Mask häzirki wagtda internetsiz sebitleri ýokary tizlikli internet bilen üpjün etmäge niýetlenen Starlink taslamasy barada wideo-maslahat aragatnaşygy arkaly çykyş eder. Şeýle hem IBM, Verizon, , Neuroelectrics, ZTE, China Mobile we beýleki telekommunikasiýalar bazaryna esasy gatnaşyjylaryň baştutanlary dünýä geljegini kemala getirjek täze pikirler hem tehnologik ugurlar bilen tanyşdyrarlar. 

Häzirki döwürde her bir döwletiň ösüşi we bäsdeşlige ukyplylygy köp babatda telekommunikasiýalar ulgamynyň, ykdysadyýetiň we durmuş ulgamynyň sanlaşdyryş derejesine baglydyr. Soňky ýyllarda Türkmenistanda bu ugurda köp iş edilýär, ýurtda milli älem aragatnaşyk hemrasy we ýerüsti düzümler telekommunikasiýa hyzmatlarynyň giň görnüşini bermäge mümkinçilik berýär. Internet ulgamynyň göwrümini artdyrmak we müşderileriň ählisi üçin internet hyzmatlaryň elýeterliligini üpjün etmek boýunça yzygiderli işler alnyp barylýar. Şu maksat bilen 2021-nji ýylyň fewralynda tassyklanan täze nyrhlara laýyklyda olaryň tölegi 50 göterim arzanladyldy.

Ulanyjylaryň ýokary tizlikli internete isleginiň artmagy bilen baglylykda «Türkmenaragatnaşyk» agentliginde Internet ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça iş alnyp barylýar. Ol internet-hyzmatlaryň tölegini arzanlatmaga, sanly bilim we lukmançylyk, elektron telekeçilik hyzmatlary ulgamyny giňeltmäge, ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda döwrebap maglumatlar ulgamlaryny döretmäge mümkinçilik berer.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 25-nji iýunda geçirilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow halk hojalygynyň ähli pudagyny sanly ulgama geçirmek, önümçilige ylmy işläp taýýarlamary ornaşdyrmak boýunça ýurtda alnyp barylýan toplumlaýyn işleriň wajyplygyny belledi.

Döwlet Baştutany aragatnaşyk pudagyny sanly ulgama geçirmek meselelerinde saklanyp, ýurdumyzyň öňdebaryjy tehnologiýalar esasynda ählumumy kommunikasiýalar ulgamyny döretmäge, hyzmatlaryň möçberini, hilini we ugurlaryny ýokarlandyrmaga, ýokary tizlikli Bütindünýä ulgamyna elýeterliligi üpjün etmäge niýetlenen iri taslamalary durmuşa geçirmäge girişendigini belledi.